Dark
Light
10.03.2026
semijenk THE ASHGABAT TIMES

Türk estrada ýyldyzy Semijenk türkmen sahnasynda konsert berdi

30.12.2025

29-njy dekabrda paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda «Semijenk» ady bilen tanalýan ýaş türk estrada ýyldyzy Jenk Başyň konserti boldy. Ol Täze ýyl mynasybetli daşary ýurtly meşhur sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda ýaýbaňlandyrylan konsertleriň özboluşly jemlenmesine öwrüldi.

Jenk Başyň türkmen sahnasynda ýerine ýetiren aýdymlary ýakymlylygy we täzeçil owazy bilen diňleýjileri turuwbaşdan özüne maýyl etdi. «Düşer aklıma», «Al Sevgilim», «Yana Yana» we «Herkes Gibisin» ýaly aýdymlarda ýaşlygyň duýguly dünýäsi şöhlelenýär. Tomaşaçylar «Sen kaldın», «Geçiyor zaman» we «Unutmak öyle kolay my sandyn» aýdymlaryny hem gyzgyn gaşyladylar. «Mesafe», «Dayan», «Kalpsiz» we «Pişman Degilim» ýaly aýdymlar bolsa ýatlamalara bagyşlanýar. Umuman, türk estrada aýdymçysynyň ýerine ýetiren aýdymlary täzeçilligi we söýgä ýugrulandygy bilen tapawutlandy.

Maglumat hökmünde belläp geçsek, türk estrada ýyldyzy 1998-nji ýylda Türkiýäniň Boýabat şäherinde dogulýar. Birnäçe abraýly sungat ýaryşlarynda ýeňiji bolmagy ony meşhurlyga eýe edýär. Aýdymçy doganlyk ýurduň geljegi uly sungat wekilleriniň biri hasaplanylýar. Muny ýaş sungat ussadynyň halkara aýdym-saz platformalarynda iň köp diňlenilýänleriň sanawlarynda orun almagy hem aýdyň görkezýär.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

images THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Täze ýylyň şatlygy we täze başlangyçlar

taze yyl sowgat THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bir ömürlik sowgat

Soňkylar Habar

Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasy öz işine başlady

09.03.2026
2026-njy ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen
GitTop