Dark
Light
21.04.2026
bitara kita THE ASHGABAT TIMES

Türkmen Bitaraplygynyň beýik taglymaty

18.12.2025

Häzirki wagtda deňhukuklylyk, özara düşünişmek, hoşniýetlilik we oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasy dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Şunda hemişelik Bitaraplygymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilmegi ata Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýär. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň halkymyza gowuşmagy hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna özboluşly baýramçylyk sowgady boldy.

Pähim-paýhasa ýugrulan «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitap berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy, dünýäde ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işjeň tagallalary giňden wagyz etmekde, ýaş nesillerimizi agzybirlik, watançylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu kitabynda hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy ähmiýeti, ata Watanymyzyň halkara abraýy, türkmen halkynyň agzybirlik, dost-doganlyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri, milli gymmatlyklary, ýaşaýyş medeniýeti hakynda giňişleýin söhbet edilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze kitabynda: «Halkara parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugry bolup durýar. Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet hökmünde öz jogapkärçiligine düşünip, hyzmatdaşlyk, özara düşünişmek ýagdaýyny, ählumumy hem-de sebit derejesinde durnukly ösüşi üpjün etmäge ukyply esasy we kesgitleýji şert hökmünde özara hormat goýmak dialogyny döretmäge gönükdirilen anyk çäreleri amala aşyrýar» diýip belleýär. Şu jähetden, bu ajaýyp kitabyň parahatçylyk söýüjilige ýugrulan hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerimizi, milli diplomatiýamyzyň köklerini öwrenmekde gymmatly çeşme bolup hyzmat eder.

Biz hem «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabyň neşir edilmegi mynasybetli Milli Liderimizi, hormatly Prezidentimizi hem-de ähli halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, bütin dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakda aýdyň geljege gönükdirilen belent maksatly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Akmaral GARAJAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Inçekesel kafedrasynyň assistenti.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

saglygy gorr THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Il saglygy – ýurt baýlygy

oba hojalyk 25 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Oba hojalygynda ýaş telekeçileriň orny

Soňkylar Makalalar

Bilim we psihologiýa: ösüş we kämillik

20.04.2026
Bilim we psihologiýa biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup, olar bitewi bir ulgamyň iki tarapy ýalydyr. Bilim bermek maglumatlaryň kabul edilişini, özleşdirilişini we adamyň içki

Bilim-terbiýeçilik işleriniň milli kökleri

20.04.2026
Bilim we terbiýe islendik halkyň geljegini, ruhy bitewüligini we döwletliligni kesgitleýän esasy sütünlerdir. Türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynda bilim-terbiýeçilik işleri ynsany kemala getirmegiň milli mekdebine

Matematika – akylyň hazynasy

20.04.2026
Matematika diňe bir sanlaryň we amallaryň jemlenmesi däl-de, eýsem adamzat akylynyň iň kämil we logiki guralydyr. Ony “akylyň hazynasy” diýip atlandyrmaklygyň düýbünde çuňňur many

BEDEW BADY BILEN ROWAÇLANÝAN TUTUMLY IŞLER

16.04.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz her bir ýyly uly ylham we belent tutumlar bilen garşylaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de

Ýollar ile elter

16.04.2026
Golaýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň dabaraly açylmagy hem ulag ulgamyny ösdürmekde, ýükleri we ýolagçylary
GitTop