Dark
Light
07.10.2026
ma yaponiya THE ASHGABAT TIMES

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň täze sahypasy

20.12.2025

Häzirki döwürde däp bolan dostlukly türkmen-ýapon gatnaşyklary strategik hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasy bolup durýar. Özara hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgeleri giň möçberli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasaty özara ynanyşmagyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýan köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge güýçli itergi berýär.

Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklaryny we «Merkezi Aziýa +» (C5+1) formatyny hyzmatdaşlygy hem-de dialogy ösdürmek, umumy meseleleri bilelikde çözmek üçin açyk, netijeli meýdança hökmünde görýär, olaryň möhümdigine, kuwwatynyň we geljeginiň bardygyna ynanýar. Tokioda Merkezi Aziýanyň bäş döwleti bilen Ýaponiýanyň arasynda geçiriljek ýokary derejedäki sammit hem sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmekde altytaraplaýyn tagallalary birleşdirmek we halkara strategik meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm diplomatik platforma bolup hyzmat eder. Bu duşuşyga gatnaşmak üçin hormatly Prezidentimiz iş sapary bilen Ýaponiýa bardy.

Merkezi Aziýa ýurtlary 20 ýylyň dowamynda Ýaponiýa bilen bilelikdäki gepleşikleri diňe ministrler derejesinde geçirdi. Şonuň üçin Tokioda geçirilýän ýokary derejedäki sammitiň netijelerine uly gyzyklanma bilen garaşylýar. Bu duşuşyk altytaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da berkider, hil taýdan täze derejä çykarar, şeýle hem ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ýola goýlan gatnaşyklaryň täze ugurlaryny kesgitlär. Mümkinçilikleri doly möçberde peýdalanmak üçin häzirki döwürde şertler hem, ýolbaşçylaryň syýasy erk-islegi hem bar.

Ogulşat ÝAZGYLYJOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

ma yapon THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa – Ýaponiýa» sammitine gatnaşdy

yapon as 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Soňkylar Makalalar

Bagtyýar çagalar – ýagty ertirlerimiziň umydy

06.10.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Milletiň ogullaryna ruhy tagzym!

05.10.2026
Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralanýarlar. Bu gün mynasybetli

Halk hakydasyna hormat

04.10.2026
Ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda durmuşyň abadanlygy, halkyň erkinligi ugrunda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar, şeýle-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary ýatlanylyp,
GitTop