Dark
Light
21.04.2026
gda esas THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan – GDA: açyk we deňhukukly dialoga ygrarlylyk

22.12.2025

Dostluk — ynsan gatnaşyklarynyň içinde iň naýbaşysy. Pähim-paýhas esasynda gurlan dostluk uzaga gidýär. Bu jümleler döwletara gatnaşyklarynda hem şeýledir. Ata Watanymyzyň halkara gatnaşyklarynda öňe sürýän ýörelgeleri dostluga, hoşniýetlilige, ynama, ynanyşmaga, ylalaşyklylyga, ynsanperwerlige esaslanýar. Şeýle ýörelgelere ygrarlylyk  hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl sammitine gatnaşmak maksady bilen, Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyranda ýene-de bir gezek belentden dabaralandy.

33 ýyldan gowrak wagt bäri üstünlikli hereket edýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy dünýäde iň täsirli sebitleýin guramalaryň biridir. Gurama girýän döwletler geografik taýdan iň ýakyn goňşularymyz, hoşniýetli dostlarymyz, syýasatda bolsa ygtybarly hyzmatdaşlarymyzdyr. Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan halkara borçlary bilen baglylykda, Türkmenistanyň GDA assosirlenen agza hökmünde gatnaşýandygyny turuwbaşdan bellemeli. Ýurdumyzyň bu başlangyjy GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň 2005-nji ýylda Kazanda bolan maslahatynda doly makullandy we goldanyldy. Türkmenistan assosirlenen agza hökmünde GDA-nyň çäklerinde açyk we deňhukukly dialoga ygrarlydyr.

Ýurdumyz GDA-nyň döredilen gününden bäri onuň düzümleri bilen netijeli we yzygiderli hyzmatdaşlyk saklap gelýär. Arkalaşygyň çäginde birnäçe ýyllaryň dowamynda özara bähbitli, döredijilikli ykdysady hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplanyldy. GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň ýakynda Aşgabatda geçirilen parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmagy aýratyn ähmiýete eýe boldy. Munuň özi parahatçylyk hem-de özara hormat goýmak ýörelgeleriniň GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň binýady bolup durýandygyny tassyklady. Paýtagtymyzda geçirilen forum häzirki döwrüň ählumumy meselelerini çözmekde syýasy-diplomatik dialogyň ähmiýetini görkezmäge mümkinçilik berdi.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň parasatly daşary syýasat strategiýasy, öňe sürýän başlangyçlary bütin dünýäde, şol sanda Arkalaşygyň çäklerinde pugta we uzak möhletli parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmegi nazarlamak bilen, tutuş dünýäde parahatçylyk we ylalaşyklylyk diplomatiýasyny ilerletmekde möhüm ähmiýetli goşant bolup durýar.

Sabina SETDAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

o0ufmbcg1erivpqczcpmz7elj9tyhe 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidenti “Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitine gatnaşdy

yaslar sylag THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bilimli nesiller – dünýäniň daýanjy

Soňkylar Makalalar

Bilim we psihologiýa: ösüş we kämillik

20.04.2026
Bilim we psihologiýa biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup, olar bitewi bir ulgamyň iki tarapy ýalydyr. Bilim bermek maglumatlaryň kabul edilişini, özleşdirilişini we adamyň içki

Bilim-terbiýeçilik işleriniň milli kökleri

20.04.2026
Bilim we terbiýe islendik halkyň geljegini, ruhy bitewüligini we döwletliligni kesgitleýän esasy sütünlerdir. Türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynda bilim-terbiýeçilik işleri ynsany kemala getirmegiň milli mekdebine

Matematika – akylyň hazynasy

20.04.2026
Matematika diňe bir sanlaryň we amallaryň jemlenmesi däl-de, eýsem adamzat akylynyň iň kämil we logiki guralydyr. Ony “akylyň hazynasy” diýip atlandyrmaklygyň düýbünde çuňňur many

BEDEW BADY BILEN ROWAÇLANÝAN TUTUMLY IŞLER

16.04.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz her bir ýyly uly ylham we belent tutumlar bilen garşylaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de

Ýollar ile elter

16.04.2026
Golaýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň dabaraly açylmagy hem ulag ulgamyny ösdürmekde, ýükleri we ýolagçylary
GitTop