Dark
Light
13.04.2026
mehanika THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanly talyp gyzlar nazary mehanika boýunça VI halkara olimpiada gatnaşdylar

19.12.2025

2025-nji ýylyň 4 – 8-nji dekabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Nankin şäherinde ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda nazary mehanika boýunça VI halkara olimpiadasy geçirildi. Ol Hohaý uniwersiteti tarapyndan guraldy.

Abraýly halkara gözden geçirilişine dünýäniň dürli ýurtlarynyň 66 uniwersitetinden 600-den gowrak talyp gatnaşdy.

Olimpiada ýurdumyzdan Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň iki talyby – Dursunjemal Ataýewa hem-de Mähriban Azadowa gatnaşdylar.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça talyplarymyzyň ikisi-de şahsy hasapda II orny we olimpiadanyň toparlaýyn hasabynda II orny eýelemegi başaryp, nazary mehanikany örän oňat bilýändiklerini hem-de ders boýunça ýokary taýýarlyk derejesini görkezdiler.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

taze yyl sah THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabat Täze ýyl dabaralaryna çagyrýar

yunes talyp THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanly talyp ÝUNESKO-nyň halkara bäsleşigine gatnaşdy

Soňkylar Habar

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty geçirildi

13.04.2026
2026-njy ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on ikinji maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş
GitTop