Dark
Light
14.06.2026
bbb 2 THE ASHGABAT TIMES

Watanymyzyň beýik geljegini gurujylar

21.12.2025

Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ugurlaryny öz içine alýan giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýaş nesilleriň buýsanjyny goşalandyrýar.

Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde türkmen ýaşlary dünýä derejesindäki olimpiadalarda, halkara bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň abraýyna abraý goşýarlar. Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň uludan toýlanylýan şu ýylymyzda hem bagtyýar ýaşlaryň ençemesi halkara derejede baýrakly orunlara mynasyp boldular. Şoňa görä-de, ýakynda halkara ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlaryň hem-de olaryň halypa mugallymlarynyň we tälimçileriniň sylaglanylmagy möhüm wakalaryň hataryndan orun aldy.

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamasyna laýyklykda, dünýä derejeli ders bäsleşiklerinde ýokary netijeleri gazanan mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlara hem-de olaryň halypa mugallymlaryna 40 müň, 70 müň we 100 müň manat möçberde pul baýragy gowşuryldy. Mundan başga-da, sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilen halkara ýaryşlarda altyn, kümüş we bürünç medallara mynasyp bolan türgenlerdir olaryň tälimçileri 40 müň, 70 müň manat möçberde pul baýragy, şeýle hem 2025-nji ýylda goýberilen, ak reňkli «Toyota Camry HEV 2.5L» kysymly ýeňil awtoulaglar bilen sylaglanyldy. Bu dabara dünýäde ata Watanymyzyň abraýyny belende galdyrýan raýatlarymyzyň ýokary döwlet derejesinde sarpalanýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsine öwrüldi.

Goý, biz – ýaş nesillere ähli ugurlarda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri elmydama rowaç bolsun!

Şirmyrat ATABAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

ykdysady maksat THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Sanly ykdysadyýet: döwrebaplyk, millilik, ösüş

bilim mekdep THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ylym-bilim – iň gymmatly baýlyk

Soňkylar Makalalar

Çaga – geljegiň şuglasy

11.06.2026
Çagalar nesil dowamaty bolup, döwleti gülletjek hem-de ösdürjek, ata-babalarymyzyň döreden gymmatlyklaryny indiki nesillere ýetirjek geljekki şahsyýetlerdir. Olara berlen iň oňat terbiýe peşgeşi, şeýle-de körpeleriň

Zergärçilik sungatynda sagatlaryň çeper bezegi

08.06.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz goldawlary netijesinde türkmen amaly-haşam sungatynyň milli gymmatlyklaryny gorap saklamakda, ylmy esasda öwrenmekde we

Mekdebe çenli döwürde

06.06.2026
Ynsan gurluşynyň, onuň dünýägaraşynyň we zehin binýadynyň iň çalt kemala gelýän döwri — mekdebe çenli ýaşdyr. Şonuň üçin hem bilim ulgamyndaky islendik özgertmäniň gözbaşy
GitTop