Dark
Light
20.04.2026
en THE ASHGABAT TIMES

ÝAŞLAR – BILIM DARAGTYNYŇ MIWELERIDIR

18.12.2025

Bilim ulgamy her bir ýurduň, jemgyýetiň intellektual kuwwatynyň baş çeşmesi bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň häzirki ösüş tapgyrynda bilim ulgamyny özgertmek, onuň dünýä derejesindäki talaplara laýyk gelmegini üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde dowam etdirilýär. Bilim ulgamyndaky maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzda kämil, innowasion, sanly ulgama ornaşan bilim giňişligi kemala gelýär.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap bilim edaralarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi bilim ulgamynyň ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biridir. Täze umumybilim berýän mekdepler, çagalar baglary, orta hünär hem-de ýokary okuw jaýlary döwrüň talaplaryna laýyk maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylýar. Bu bolsa, ýaş nesliň häzirkizaman şertlerinde okap-öwrenmegine giň mümkinçilikleri döredýär.
Bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy jemgyýetiň ähli ulgamlarynda giň gerimli sanly özgertmeleriň möhüm bölegidir. Elektron maglumat bazalarynyň döredilmegi, sanly sapaklaryň ornaşdyrylmagy, mugallymlar üçin elektron platformalarynyň ýola goýulmagy netijesinde, okuwlaryň hili we netijeliligi has-da ýokarlandy. Sanly bilim ulgamy ýaşlara diňe bir sapaklary geçmek üçin däl, eýsem döredijilik, gözleg hem-de taslama esasly işleriň ýerine ýetirilmegi üçin hem giň mümkinçilikleri berýär.
Bilim ulgamynda gazanylan üstünlikleriň esasylarynyň biri-de, ýokary hünärli mugallymlar toplumydyr. Soňky döwürde mugallymlaryň tälim-usulyýet taýýarlygyny kämilleşdirmek, halkara tejribelerini ornaşdyrmak, okuw programma üpjünçiligini dowamly döwrebaplaşdyrmak boýunça birnäçe işler alnyp barylýar. Halkara gatnaşyklarynyň giňemegi mugallymlaryň daşary ýurtlaryň okuw merkezleri bilen hyzmatdaşlyk edip, täze usullary öwrenmegine mümkinçilik berýär.

Batyr WELBEKOW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uiwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

maldarcylyk THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýurdumyzda maldarçylyk pudagyny ösdürmegiň möhüm jähtleri

parlak THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýaş aýdymçylar ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglanyldy

Soňkylar Makalalar

BEDEW BADY BILEN ROWAÇLANÝAN TUTUMLY IŞLER

16.04.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz her bir ýyly uly ylham we belent tutumlar bilen garşylaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de

Ýollar ile elter

16.04.2026
Golaýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň dabaraly açylmagy hem ulag ulgamyny ösdürmekde, ýükleri we ýolagçylary

Matematikada mukaddes sanlar

15.04.2026
Sanlar adamzat taryhynda diňe bir hasaplama guraly bolman, eýsem ruhy, medeni we ylmy ähmiýete eýe bolupdyr. Käbir sanlar dürli halklaryň arasynda aýratyn hormat bilen kabul

Guramaçylyk we usulyýet babatda öňdebaryjylar saýlandy

14.04.2026
Her okuw ýylynda öňdebaryjy iş tejribeleri, gazanylan üstünlikleri, görkezijileri, hünär ugry boýunça ussatlygy, guramaçylyk başarnyklary we pedagogik işjeňligi bilen tapawutlanýan bilim-terbiýeçilik işgärleriniň arasynda geçirilýän

Maksatly il myrada ýeter

14.04.2026
Halk nakyllarynda «Maksatly il myrada ýeter» diýlişi ýaly, bu günki gün Türkmenistan döwletimiziň ykdysady ösüşiniň milli nusgasy diwersifikasiýalaşdyrmak, önümçilige iň öňdebaryjy tehnikalary we tehnologiýalary
GitTop