Dark
Light
06.03.2026
bedew yyly THE ASHGABAT TIMES

Ýyllar ýyllardan zyýada

28.12.2025

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýyl ýurdumyzyň taryhynda möhüm tapgyr boldy. Halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ählumumy derejede parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini ilerletmek ugrunda alnyp barylýan işler Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň guwandyryjy netijeleridir.

Mälim bolşy ýaly, 26-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar. Mejlisde döwlet Baştutanymyz 2026-njy ýylyň şygaryny hem-de nyşanyny tassyklap, geljek ýylyň şygaryny «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýip yglan etdi. Munuň özi täze ýylda ýurdumyzyň okgunly ösüşini we belent sepgitlere ýetmäge ymtylmasyny alamatlandyrar.

Hormatly Prezidentimiz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen başlanandygyny we bu ýylyň dowamynda köp sanly halkara çäreleriň geçirilip, möhüm ähmiýetli resminamalaryň kabul edilendigini belledi. “Ýakynda bolsa ýurdumyza ýene-de bir hoş habar gelip gowuşdy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 64-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy» hem-de «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu başlangyçlary goldan ähli ýurtlara türkmen halkynyň adyndan tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Gahryman Arkadagymyzyň Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara çäreleriň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli halkymyza ýollan Gutlagynda: «Geljek ýyl Gündogar müçenamasy boýunça ýylky, ýagny bedew ýylydyr. Biziň bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjydyr, gymmatly baýlygydyr, beýik ösüşlerimiziň nyşanydyr. Şoňa görä-de, ýetip gelýän bedew ýyly düşümli bolsun!» diýen sözleri toý şatlygymyzy has-da artdyrýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen buýsançly sözleri şygar edinen täze ýylda ata Watanymyzyň bedew bady dowamat-dowam bolsun!

Döwletgeldi ANNAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bedew yyly THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bedew batly ösüşleriň mekany

yaslar taz kollaz 25 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýaş nesiller – döwletimiziň kuwwatly güýji

Soňkylar Makalalar

Hem mähriban, gahryman zenanlar

05.03.2026
Bahar paslynyň gelmegi bilen, daş-töweregimiz al-elwan güllere beslendi. Ýaz güllerinden ilki boglan çemenler bolsa bahar ýaly mylaýym hem mähriban enelerimize, görkana gyz-gelinlere sowgat berilýär.

Nakgaşçylykda sähra gözelligi

04.03.2026
Türkmen sährasynyň gözelligi ynsanlary ruhlandyrýar, ömürlerini uzaldýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda sähralarymyz has-da gözel görnüşe eýe bolýar. Tebigatyň

Zenan – mähir dünýäsi

04.03.2026
Zenanlary mertebelemek, olara durmuşda ähli ýeňillikleri döretmek halkymyzyň arkama-arka dowam edip gelýän asylly däpleriniň biridir. Maşgala ojaklarynyň daýanjy, öýlerimiziň ýaraşygy bolan zenanlaryň abadan durmuşda

Ene mukaddesdir

04.03.2026
Dünýäde iň mähriban, iň nurana we iň eziz ynsan kim diýseler, hiç hili ikirjiňlenmän «Ene» diýip jogap bererdik. Eneleriň mähri — biziň kalbymyzyň şuglasy,

Kitaply çaga – ganatly çaga

03.03.2026
Dünýä ýüzünde adamlary biri-birine baglaýan, pikirlerini baýlaşdyrýan, olaryň akyl derejesini ösdürýän iň gymmatly serişdeleriň biri hem kitapdyr. Kitap adamzadyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan tejribesiniň, ylmyň,
GitTop