Dark
Light
14.03.2026
emblema 2026 THE ASHGABAT TIMES

Beýik döwrüň şanly sahypasy

07.01.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylyna gadam basylýandygyny alamatlandyrdy. Munuň özi ýurdumyzyň taryhynda täze sahypany açyp, milli gymmatlyklarymyza goýulýan hormaty, ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň strategik ugurlaryny özünde jemleýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça her ýyla at bermek ýaly ajaýyp däbe görä, onuň şygarynda ösüşiň täze tapgyrynyň esasy ugurlarynyň yglan edilmegi raýatlaryň watançylyk ruhuny belende götermäge, olaryň ýurdumyzda alnyp barylýan ägirt uly işlere şahsy goşant goşmaga höwesini artdyrmaga ýardam edýär. 2026-njy ýylyň şygarynda diňe bir halkymyzyň öz taryhy köklerine ygrarlylygy däl-de, eýsem, häzirki döwrüň obýektiw hakykaty hem öz beýanyny tapýar. 

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy bellenilen ýyl hökmünde Watanymyzyň ýyl ýazgysynda hemişelik orun alan 2025-nji ýyl halkymyz we ýurdumyz üçin möhüm wakalara, zähmet ýeňişlerine hem-de uly üstünliklere beslendi. Döwlet Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk ýubileýiniň dabaralandyrylýan ýylynda-da milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de pugtalandyrmak, ylym, bilim, saglygy goraýyş we beýleki pudaklary ösdürmek boýunça giň gerimli meýilnamalar kesgitlenildi. Munuň özi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Jemläp aýdanyňda, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly şygary ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn ösüş maksatnamasyny özünde jemleýär. Ol milli ýörelgelere ygrarlylygy, şol bir wagtyň özünde ählumumy ösüşe we tehnologik täzeliklere açyklygy alamatlandyrýar.

Gadam BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

energo THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty – geljegiň kuwwatly hünärmenlerini ýetişdirýän ojak

gulbaba THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýaş türkmenistanlylara Gulbaba adyndaky çagalar baýragy gowşuryldy

Soňkylar Makalalar

Sanly Ulgam-Döwrebap Ösüşiň Şerti

13.03.2026
XXI asyrda ykdysadyýetiň we jemgyýetiň ösüşiniň esasy şertleriniň biri sanly ulgamlaryň giňden ornaşdyrylmagydyr. Sanly tehnologiýalar diňe bir işleriň netijeliligini artdyrman, eýsem döwrebap jemgyýetiň gurluşyny

Parahatçylyk söýüjilik ýoly bilen

13.03.2026
Mälim bolşy ýaly, 13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy giňden belleniljek şu ýylda öňde durýan belent maksatlara ýetmek ugrunda

Emeli aň – XXI asyryň trendi

13.03.2026
Emeli aň, adama mahsus tebigy aňdan tapawutlylykda, enjamlaryň (ýa-da kompýuterleriň) görkezýän düşünjeli hereketlerini aňladýar. Häzirki döwürde emeli aň biziň durmuşymyza giňden ornaşyp, bu tehnologiýadan

Halkymyzyň uçar ganaty

13.03.2026
Ahalteke bedewlerimiz — halkymyzyň uçar ganaty, ösüş-özgerişlerimiziň nyşany, ata-babalarymyzyň janly mirasydyr. Şoňa görä-de, parahatsöýüji Watanymyzyň ösüş ýolunyň «bedew batly ösüşler» diýlip beýan edilmeginde uly

Ýaşlar dialogy pugtalandyrylýar

13.03.2026
Mälim bolşy ýaly, ýaşlar häzirki zaman dünýäsinde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde aýratyn orun eýeleýärler. Milletler Bileleşigi ýaşlaryň
GitTop