Dark
Light
10.03.2026
cagalar taze yyl THE ASHGABAT TIMES

Çagalaryň gülküsi – dünýäniň bagty

06.01.2026

Çagalara aýratyn üns bermek, olar barada çäksiz alada etmek asyrlaryň dowamynda halkymyzyň mizemez ýörelgeleri bolmagynda galýar. Agzybirligiň hem-de jebisligiň nyşany bolan Täze ýyl baýramy mynasybetli paýtagtymyz Aşgabatdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara sowgatlaryň, şeýle hem saz gurallarynyň gowşurylmagy bu ýörelgeleriň häzirki wagtda mynasyp dowam etdirilýändigini görkezýän aýdyň hakykatdyr.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji gününde Döwletliler köşgüniň baýramçylyk öwüşgininde bezelen zalynda hem Täze ýyl mynasybetli dabara geçirildi. Onuň dowamynda bu ýerde terbiýelenýän çagalara döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan dürli süýjüliklerden, ter miwelerden, okuw esbaplaryndan, interaktiw serişdelerden ybarat sowgatlar, şol sanda saz gurallary gowşuryldy.

Sowgatlaryň arasynda saz gurallarynyň bolmagy bolsa aýratyn bellärliklidir. Çünki saz — adamzadyň içki dünýäsine ýol açýan, duýgulary terbiýeleýän, gözellik baradaky düşünjäni giňeldýän gudratly sungatdyr. Saz gurallaryny eline alan çagalar diňe bir täze başarnyk öwrenmän, eýsem, sabyrly bolmagy, yhlasly zähmet çekmegi we öz maksadyna ýetmegi öwrenýärler. Bu bolsa olaryň häsiýetiniň kemala gelmeginde möhüm orun eýeleýär.

Saz bilen meşgullanmak çagalaryň döredijilik ukybyny ösdürýär, ýatkeşligini berkidýär, pikirlenişini çuňlaşdyrýar. Toparlaýyn saz çalmak ýa-da aýdym aýdmak bolsa hyzmatdaşlygy, birek-birege hormat goýmagy we dostluk gatnaşyklaryny berkitmäge ýardam edýär. Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar üçin bu aýratyn möhüm bolup, olar özlerini jemgyýetiň doly hukukly agzasy hökmünde duýmaga mümkinçilik alýarlar.

Täze ýyl sowgatlarynyň, aýratyn-da saz gurallarynyň gowşurylmagy döwletimiziň çagalaryň bagtyýar geljegi ugrunda edýän aladasynyň aýdyň mysalydyr. Bu çäreler ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösen, ruhubelent, watansöýüji şahsyýetler bolup ýetişmegine gönükdirilendir. Munuň özi çagalaryň durmuşynda ýatdan çykmajak waka bolup, ol körpe nesilleriň ruhy baýlygyny artdyrýan, döredijilik ýoluna ugrukdyrýan we bagtyýar geljege ynam döredýän möhüm terbiýeçilik ähmiýetine eýedir.

Gülşat PIRJANOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

gun THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanda ýel elektrik ulgamyny gurmak

serial THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Aşgabatda meşhur teleseriallaryň sazlary ýaňlandy

Soňkylar Makalalar

Kitap – zenan kalbynyň nury

07.03.2026
Halkara zenanlar gününe gabatlanyp, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndaky 58-nji orta mekdepde kitaphanaçylaryň arasynda gyzykly bäsleşik geçirildi. Etrap häkimliginiň tassyknamasyna laýyklykda, 2026-njy ýylyň 6-njy martynda

Zenan – mukaddes ojagyň goragçysy

07.03.2026
Halkymyzda zenan maşgala uly sarpa goýulýar. Çünki zenan — mukaddes ojagyň goragçysy. Onuň yhlasy, wepalylygy bilen abadan ýaşaýyş dowamat-dowam bolýar. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyzyň

Zenan diýmek dünýedir

06.03.2026
Şu günlerde ýurdumyzda Halkara zenanlar güni mynasybetli ajaýyp dabaralar, sergiler, baýramçylyk konsertleri giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Olarda täze taryhy döwrümiziň döredijilik ruhy öz aýdyň beýanyny

Zenan sarpasynyň nusgasy

06.03.2026
Bosagada – Halkara zenanlar güni. Baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde baýramçylyk dabaralarynyň, Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Ene hüwdüsi — iň kämil eser»
GitTop