Dark
Light
18.07.2026
oba new THE ASHGABAT TIMES

Döwletli işleriň dowamy

02.01.2026

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirildi. Geçen ýylda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeler hem rowaçlyklara beslendi.

Geçen ýyl berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilen senesi hökmünde Türkmenistanyň taryhyna ýazyldy. Uly ähmiýetli wakalar, ýetilen belent sepgitler ata Watanymyzyň halkara abraýyny ýene bir mertebe belende göterdi. Geçen ýylda gazanylan netijelere ser salanyňda, edermen daýhanlarymyz Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak ýokary hilli bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirdiler.

Berkarar döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek maksady bilen, täze etraplar döredildi. Şeýle hem Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda Döwletli mekan, Kaka etrabynda Bagtly zamana atly täze, döwrebap obalar açylyp ulanmaga berildi. Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda häzirki zaman Bitaraplyk şäherçesi dabaraly ýagdaýda açyldy. Munuň özi ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygarlaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.

Halkymyz ýurdumyzyň ösüşlerini bedew badyna deňeýär. Şoňa görä-de, ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, täze, 2026-njy ýyla «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip at berilmegi mähriban halkymyzyň buýsanjyny goşalandyrdy. Bu ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy uly dabaralara beslenip bellenip geçiler. Goý, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Bezirgen ILMYRADOW,
TOHI-niň Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşa taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

8bb4f6a71b862e7c1ae612dc20b3a09e THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bolgariýa Resmi Taýdan Ýewrozona Goşuldy

images 2 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

Soňkylar Makalalar

Ekologiýa we daşky gurşawyň abadançylygy

17.07.2026
Häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde duran iň möhüm meseleleriň biri hem ekologiýa abadançylygydyr. Ykdysady ösüşleriň, şäherleşmegiň we tehnologiýalaryň çalt depginde ösmegi tebigata edýän täsirini hem güýçlendirýär.

Jana şypaly tebigat

17.07.2026
Biziň ýaşaýan we bizi gurşap alýan goja Zemin özüniň ajaýyp tebigaty, reňbe-reň pasyllary, haýwanat we ösümlik dünýäsi bilen gözeldir. Halk arasynda tebigata we durnukly

Suw – ýaşaýşyň gözbaşy

17.07.2026
Suw Ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlaryň, ösümlikleriň we adamyň ýaşamagy üçin iň esasy zatdyr. Ol ýaşaýşyň gözbaşy hem-de bütin adamzat taryhynyň, medeniýetleriniň we siwilizasiýalaryň kemala

Kitap ynsanyýetiň baş baýlygydyr, bilimler çeşmesidir

17.07.2026
Ylym-bilim ojagynyň esasy binýady kitaphanalarda jemlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda kitaphana işiniň kämilleşdirilmegi, ýaşlaryň kitap okamagy üçin zerur şertleriň
GitTop