Dark
Light
14.03.2026
dowletli taze yyl THE ASHGABAT TIMES

Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara sowgatlar gowşuryldy

02.01.2026

1-nji ýanwarda Döwletliler köşgüniň baýramçylyk öwüşgininde bezelen zalynda Täze ýyl mynasybetli dabara geçirildi. Onuň dowamynda bu ýerde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Döwletliler köşgünde terbiýelenýänleri baýramçylyk bilen gutlamaga Aýazbabadyr Garpamyk, ýetip gelen 2026-njy ýylyň nyşany bolan bedew atyň lybasyndaky çagalar, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri geldiler.

Ýaşajyk türkmenistanlylar myhmanlaryň öňünde konsert maksatnamasy bilen çykyş edip, döredijilik ukyplaryny görkezdiler. Baýramçylyk dabarasynyň geçirilýän ýeriniň bezeginde ulanylan serişdeleriň aglabasyny çagalaryň öz elleri bilen taýýarlandyklaryny bellemek gerek. Bezelen arçanyň ýanynda çagalar goşgy okadylar, joşgunly tanslary, beýik işleri wasp edýän, şeýle-de Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan aýdymlary ýerine ýetirdiler.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

atamyrat THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanda täze ýylda doglan ilkinji çaga Atamyrat diýip at goýuldy

mun THE ASHGABAT TIMES
Next Story

“Müňden biri” bäsleşiginiň ýarym final tapgyry geçirildi

Soňkylar Habar

GitTop