Dark
Light
09.08.2026
images 2 THE ASHGABAT TIMES

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026

Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän gar däneleri şäherleri, obalary, daglary we giň meýdanlary bir bitewi ak haly ýaly örtýär. Bu aklyk diňe daşky gurşawy däl, adamlaryň ruhy dünýäsini hem täsirli bir rahatlyk bilen doldurýar. Garyň päkligi ýürekleri ýumşadyp, ynsana umyt, begenç we içki arassalyk duýgusyny bagyşlaýar.

Gar — tebigatyň adama peşgeş beren iň täsin we owadan gudratlarynyň biridir. Ol çagalykdaky ýakymly ýatlamalary oýarýar, mähirli pursatlary ýada salýar. Garyň ýagýan wagty köçelerde çagalaryň şatlykly gülküsi eşidilip, şäherde aýratyn ruhy sazlaşyk emele gelýär. Ak garyň astynda dünýä başgaça öwüşgin alýar: sesler ýuwaşlaýar, howa arassalanýar, adamlar bolsa gündelik aladalardan bir salymlyk hem bolsa daşlaşyp, tebigatyň gudratyna haýran galýarlar.

Gar — diňe bir gyş alamaty däl, eýsem ruhy tämizligiň, tebigat gözelliginiň we ynsanyň içki parahatlygynyň nyşanydyr. Ol dünýäni has owadan, has mähirli we has arassa görkezýär.

Jahan ATAÝEWA
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

snimok THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

atamyrat THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanda täze ýylda doglan ilkinji çaga Atamyrat diýip at goýuldy

Soňkylar Makalalar

Şöhratly taryhyň ýaňy

06.08.2026
Dogrudan hem, bu günki gün «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen beýik şygar bilen türkmen halkyny aýdyň geljege sary

Biz – buýsançly döwrüň bagtyýar bilim işgärleri!

04.08.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, şol sanda mekdebe çenli bilim-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmek ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler, açylyp ulanylmaga berilýän

Garaşsyzlyk – halkyň buýsanjy we bagty

04.08.2026
Garaşsyzlyk her bir halkyň iň gymmatly baýlygy, döwletliligiň we milli erkinligiň esasy nyşanydyr. Ol halkyň öz ykbalyny özbaşdak kesgitlemäge, syýasy, ykdysady we medeni ösüş
GitTop