Dark
Light
14.03.2026
images THE ASHGABAT TIMES

Hindistan dünýäniň dördünji uly ykdysadyýeti boldy

01.01.2026

Hindistanyň Hökümetiniň ýylyň ahyrynda çap eden täze ykdysady maglumatlaryna görä, ýurt jemi içerki önümiň pul möçberi boýunça Ýaponiýadan ozup, dünýäniň dördünji iri ykdysadyýetine öwrüldi. “The Times of India” neşiriniň berýän habaryna görä, häzirki wagtda Hindistanyň JIÖ-niň möçberi 4,18 trillion dollara ýetip, bu görkeziji ýurda dünýä reýtinginde täze basgançaga göterilmäge mümkinçilik berdi.

Resminamada bellenilişi ýaly, Hindistanyň ykdysady ösüşi diňe bir Ýaponiýadan ozmak bilen çäklenmän, eýsem ýakyn 2,5-3 ýylyň içinde Germaniýany hem üçünji orundan gysyp çykarmaga dalaş edýär. Nýu-Deliniň bu ugurda alyp barýan strategik ädimleri ýurduň iň uly üç ykdysadyýetiň birine öwrülmegine gönükdirilendir.

Eýýäm birnäçe ýyldan bäri dünýäniň iň çalt ösýän ykdysadyýeti hökmünde tanalýan Hindistan, bu okgunly ösüş depginini saklamak üçin ähli zerur mümkinçiliklere we şertlere eýedir. Hökümet tarapyndan amala aşyrylýan ykdysady reformalar we maýa goýum syýasaty ýurduň geljekki ösüşleriniň esasy kepili hökmünde görülýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

beyonce tottenham hotspur stadium 1st june 2023 10 of 118 52946364598 best crop THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Beýonse Resmi Taýdan Milliarderleriň Sanawyna Goşuldy

8bb4f6a71b862e7c1ae612dc20b3a09e THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bolgariýa Resmi Taýdan Ýewrozona Goşuldy

Soňkylar Dünýä habarlary

Volkswagen agyr maliýe krizisine duçar boldy

10.03.2026
Germaniýanyň awtoulag ägirdi Volkswagen soňky hasabat döwründe girdejisiniň azalandygyny mälim etdi. Kompaniýa bu pese düşmäniň sebäbi halkara bazarlardaky bäsdeşligiň güýçlenmegini, Hytaýdaky satuw kynçylyklaryny we

Eýranda ýurduň Beýik lideri saýlanyldy

10.03.2026
Eýran Yslam Respublikasynyň Ekspertler geňeşi Mojtaba Homeneýini ýurduň täze Beýik lideri (Rehber) wezipesine saýlady. Bu barada «Mehr» habarlar agentligine salgylanyp, halkara çeşmeler habar berýär.
GitTop