Dark
Light
13.09.2026
snimok THE ASHGABAT TIMES

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026

Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň iň naýbaşylarynyň biri hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyp ýaşlaryň arasynda geçirilýän Uniwersiada ýaryşlarydyr.

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan 2025-nji ýylyň noýabr aýynyň dowamynda «Türkmenistan ― ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» ady bilen yglan edilen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen XV Uniwersiadanyň çäklerinde  sportuň türkmen milli göreşi, grek-rim göreşi, erkin göreş we sambo görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyplary gatnaşdylar we ýaryşda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Ýurdumyzda geçirilen bu abraýly ýaryşda, esasan hem, sambo we grek-rim göreşi görnüşleri boýunça talyp türgenlerimiz has-da tapawutly netije görkezmegi başardylar. Olar barada belläp geçsek, sportuň grek-rim göreşi görnüşi boýunça 98 kg agram derejesinde çykyş eden institutymyzyň hukuk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby A.Agamämmedow 1-nji orna, 68 kg agram derejesinde çykyş eden hukuk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby B.Baltaýew 2-nji orna, 62 kg agram derejesinde çykyş eden hukuk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby H.Orazberdiýew, 71 kg agram derjesinde çykyş eden hukuk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby M.Babaniýazow, 78 kg agram derejesinde çykyş eden hukuk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby P.Aşyrow we 82 kg agram derejesinde çykyş eden hukuk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby P.Baýnazarow dagylar 3-nji orna mynasyp boldular.

Sportuň sambo  görnüşi boýunça bolsa 79 kg agram derejesinde çykyş eden institutymyzyň hukuk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby M.Jumaýew baýrakly 2-nji orna, 64 kg agram derejesinde çykyş eden institutymyzyň hukuk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby A.Çokgaýew, 98 kg agram derejesinde çykyş eden institutymyzyň hukuk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Y.Agageldiýew, şeýle hem 98+ kg agram derejesinde çykyş eden institutymyzyň hukuk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby A.Hatamow dagylar 3-nji orna mynasyp boldular.

Bulardan başga-da, Uniwersiadanyň çäklerinde sportuň türkmen milli göreşi görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda 57 kg agram derejesinde çykyş eden institutymyzyň hukuk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby S.Jumamyradow 3-nji orna, şeýle hem sportuň erkin göreş görnüşi boýunça 97 kg agram derejesinde çykyş eden institutymyzyň hukuk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby M.Annamow we 125 kg agram derejesinde çykyş eden institutymyzyň hukuk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby R.Çaryýew baýrakly 3-nji orna mynasyp bolmagy başardylar.

Institutymyzyň talyplaryny gazanan sport üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlap, bize şeýle ajaýyp bagtly zamanada ýaşadýan, sport bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, külli türkmen halky we umumadamzat ähmiýetli tutýan beýik tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

S.BABAÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň Hukuk fakultetiniň Beden taýýarlygy kafedrasynyň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

8bb4f6a71b862e7c1ae612dc20b3a09e THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bolgariýa Resmi Taýdan Ýewrozona Goşuldy

oba new THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Döwletli işleriň dowamy

Soňkylar Makalalar

Ýan­gyn­dan ägä bo­la­lyň!

11.09.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýatlaryň bagtyýar, asuda durmuşy, abadançylygy we saglygy barada uly aladalar edilýär. Bu ugurda ilat arasynda wagyz-nesihat etmegiň çäginde

Bedew bady bilen rowaçlygyň röwşen ýoluna!

11.09.2026
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda belent maksatlar rowaçlanýar, her bir günümiz üstünliklere beslenýär. Şeýle ajaýyp ýylda belent maksatlary nazarlap

Bilim – adamzadyň iň uly baýlygy

11.09.2026
Häzirki döwürde islendik jemgyýetiň hem-de ýurduň ösüşiniň esasy şertleriniň biri bilimli, başarnykly we maksada okgunly nesli terbiýelemekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp

«Kitap okan gullar magnydan dokdur»

10.09.2026
Durmuşda ynsan kalbyna täsir etmekde çuňňur manyly sözden ähmiýetli zat, megerem, ýok bolsa gerek. Dana sözler, paýhasly jümleler, dürdäne pähimler her bir adamyň göwnüni
GitTop