Mälim bolşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ösüp gelýän ýaş nesliň ylym-bilimli, kämil dünýägaraýyşly bolmagyny gazanmak babatdaky meselelere ýüzlenende, hemişe milli mirasymyzyň hazynalaryny öwrenmegiň, milletiň kämil ruhy-ahlak ýoly bolan halypa-şägirtlik ýörelgelerini dowam etdirmegiň ähmiýetini nygtaýar. Her bir adamda Watana bolan söýgini döretmek, onuň päk ahlakly we belent adamkärçilikli ynsan bolup ýetişmegini gazanmak Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredýän eserleriniň her biriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romany, «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Gadamy batly bedew», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Atda wepa-da bar, sapa-da» ýaly birnäçe ajaýyp kitaplary watançylyk duýgularyňy artdyrmakda, kämil nesilleri taýýarlamakda gymmatly gollanmadyr. Pähim-paýhasa ýugrulan bu ajaýyp kitaplarda eziz Watanymyzyň mukaddesligine, halkymyzyň asyrlarboýy dowam edip gelýän asylly däp-dessurlaryna, döreden milli gymmatlyklaryna aýratyn sarpa goýulýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly — dünýäniň akyldary» ýaly eserleriniň içinden Watan mukaddesligi, Watan ezizligi, oňa bolan päk söýgi hakyndaky pelsepewi garaýyşlar eriş-argaç bolup geçýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Men «Watan» we «halk» diýen mukaddes sözleriň ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuş şygaryna öwrüljekdigine, olaryň ata-ene we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn» diýen setirleri her bir ýaş nesliň aňyndan, kalbyndan baky orun aljak beýik ynamdyr.
Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň eserlerinde öz beýanyny tapýan ata-babalarymyzyň milli terbiýesi, ýol-ýörelgesi biziň üçin nusgalyk mekdepdir. Bu eserleriň nesilleri terbiýelemekdäki, olaryň watançylyk duýgularyny has-da ýokarlandyrmakda ähmiýeti örän ýokarydyr. Bu eserler biziň her birimiz üçin mekdepdir, durmuşdyr, ýol-ýörelgedir.
Bägül MÄMMEDOWA,
Türkmengala etrabynyň 4-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.