Dark
Light
09.08.2026
payhas cesmesi THE ASHGABAT TIMES

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026

Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapda şeýle nakyl beýan edilýär: «Çagany — ýaşdan, edebi — başdan». Şonuň üçin hem çaganyň terbiýesine has irki ýaşlardan başlamak möhümdir. Terbiýe bermegiň hem dürli ýollary bolup, ene-ata şolaryň görnüşlerinden giňden peýdalanýar.

Halkymyz bäş müň ýyllyk taryhy ýolunyň önümi bolan nakyllara örän baýdyr. Biz toý-tomaşada, märekede, işde we dynç alyşda, maşgalada, mahlasy, ähli ýerde hem nakyllara we atalar sözlerine salgylanýarys. Terbiýe meselesinde, kämil şahslary kemala getirmekde, ýagşyny-ýamany saýgarmakda, azaşany dogry ýola salmakda, durmuşda taplanmakda nakyllaryň aýratyn orny bardyr. Il-ulsumyz öwüt-nesihat, tälim mekdebi hasaplanylýan nakyllara hemişe uýup ýaşapdyr. Il içinde ýöne ýerden «Akylyň bolsa akyla eýer, akylyň bolmasa nakyla» eýer diýilmeýär.

Çagalaryň söz baýlygyny ösdürmekde hem nakyllaryň ähmiýeti diýseň uludyr. Olara salgylanmak pikiriň düşnükli, sözüň täsirli bolmagyna getirýär. Hut şu esasdan biz okuwçylara her bir geçýän sapagymyz bilen baglanyşykly bolan nakyllary yzygiderli öwredýäris we olary ýygy-ýygydan gaýtaladýarys. Bu işde bize Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» kitaby gymmatly hazyna bolup hyzmat edýär. Ýakyn gollanmamyza öwrülen bu kitapdaky nakyllaryň durmuşymyzdaky ähmiýeti diýseň uludyr. Hut şol sebäpden hem bu halk döredijilik çeşmesi diňe bir il içinde ulanylman, eýsem, okuwyň gidişinde hem giňden peýdalanylýar. Çünki mekdep, öz gezeginde, ýaş nesilleri jemgyýete taýýarlaýan ilkinji ojakdyr.

«Paýhas çeşmesi» kitabynda türkmen halk döredijiliginiň dürdäneleri bolan nakyllar toparlara bölünilip ýerleşdirilipdir. Ata-babalarymyzyň pähim-paýhasy siňen nakyllar hem-de atalar sözleri ýaş nesle, ahlak, akyl, gözellik, beden, zähmet, hünäre ugrukdyrmak, özüňi köpçülikde medeniýetli alyp barmakda, ekologiki, ykdysady terbiýe bermekde wajyp orna eýedir. Bu gymmatly gollanma nesillere paýhas hem terbiýe hazynasy hökmünde hyzmat edýär. «Paýhas çeşmesi» kitabynda terbiýäniň ähli ugurlaryna degişli nakyllarda bize durmuş sapaklary öwredilýär. Şol sebäpden hem bu kitaba, sözüň doly manysynda, terbiýe hazynasy hem diýip bolar.

Gültäç YBRAÝYMOWA,
Mary etrabynyň 29-njy orta mekdebiniň okuw işleri boýunça orunbasary.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bedew yyly THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bedew batly at-myradyň mekany

e6c934589db61f126e58f8f7b91dd9e4 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Robot tehnologiýasy – Türkmenistanyň geljegine açylýan täze ýol

Soňkylar Makalalar

Şöhratly taryhyň ýaňy

06.08.2026
Dogrudan hem, bu günki gün «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen beýik şygar bilen türkmen halkyny aýdyň geljege sary

Biz – buýsançly döwrüň bagtyýar bilim işgärleri!

04.08.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, şol sanda mekdebe çenli bilim-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmek ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler, açylyp ulanylmaga berilýän

Garaşsyzlyk – halkyň buýsanjy we bagty

04.08.2026
Garaşsyzlyk her bir halkyň iň gymmatly baýlygy, döwletliligiň we milli erkinligiň esasy nyşanydyr. Ol halkyň öz ykbalyny özbaşdak kesgitlemäge, syýasy, ykdysady we medeni ösüş
GitTop