Dark
Light
06.03.2026
sanly ulgam internet 5g THE ASHGABAT TIMES

Sanly özgertmeleriň täze mümkinçilikleri

02.01.2026

Eziz Watanymyzda ykdysadyýetiň ugurlarynyň sanlylaşdyrylmagyna, munuň üçin zerur bolan ýokary tizlikli internet torunyň üpjün edilmegine, häzirki zaman telekommunikasiýa ulgamynyň döredilmegine uly ähmiýet berilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda täze tehnologiýalar, kämil hem akylly serişdeler pudaklara giňden ornaşdyrylýar. 2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda Arkadag şäherinde Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen 5G internet ulgamynyň doly ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň sanly eýýama ynamly gadam basýandygyny alamatlandyrdy.

Ýurdumyzyň sebitlerinde aragatnaşyk ulgamlaryny çekmek bilen bagly işler tapgyrlaýyn amala aşyryldy. Arkadag şäherinde 5G ulgamynyň işe girizilmegi bu tehnologiýanyň ýurdumyzyň ähli künjegine ýaýramagy üçin başlangyç ädim boldy. Dünýä ýüzünde soňky bäş ýylyň iň esasy tehnologik täzelikleriniň biri bolan bu aragatnaşyk ulgamy ähli ugurda işleriň has-da netijeli alnyp barylmagy üçin ýurdumyzda döwrebap iş ülňüleriniň, innowasion dolandyryş endikleriniň, ýokary hiliň we önümçilik kuwwatlylygynyň sazlaşygyny döretmegiň täze tapgyryna badalga berer. Ol gündelik durmuşymyzda adaty aragatnaşyk tehnologiýasy hökmünde peýdalanylyp, ykdysadyýetiň ýokary depginde ösmegine itergi berer.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, ýaş nesil Watanymyzyň geljegidir, onuň okgunly ösüşiniň hereketlendiriji güýjüdir. Häzirki wagtda ýaşlar hormatly Prezidentimiziň badalga beren giň gerimli maksatnamalaryny, iri taslamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Arkadag şäherinde birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesinde «akylly» ulgamy goldamak işini amala aşyrandyklary munuň anyk mysallarynyň biridir. Mugallymlaryň hem-de talyplaryň gatnaşmagynda bilim ulgamy üçin sanly çözgütleriň işlenip taýýarlanylandygy bolsa, buýsandyryjy görkezijidir.

Hakmyrat BEKMYRADOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

8bb4f6a71b862e7c1ae612dc20b3a09e THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bolgariýa Resmi Taýdan Ýewrozona Goşuldy

images 2 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

Soňkylar Makalalar

Hem mähriban, gahryman zenanlar

05.03.2026
Bahar paslynyň gelmegi bilen, daş-töweregimiz al-elwan güllere beslendi. Ýaz güllerinden ilki boglan çemenler bolsa bahar ýaly mylaýym hem mähriban enelerimize, görkana gyz-gelinlere sowgat berilýär.

Nakgaşçylykda sähra gözelligi

04.03.2026
Türkmen sährasynyň gözelligi ynsanlary ruhlandyrýar, ömürlerini uzaldýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda sähralarymyz has-da gözel görnüşe eýe bolýar. Tebigatyň

Zenan – mähir dünýäsi

04.03.2026
Zenanlary mertebelemek, olara durmuşda ähli ýeňillikleri döretmek halkymyzyň arkama-arka dowam edip gelýän asylly däpleriniň biridir. Maşgala ojaklarynyň daýanjy, öýlerimiziň ýaraşygy bolan zenanlaryň abadan durmuşda

Ene mukaddesdir

04.03.2026
Dünýäde iň mähriban, iň nurana we iň eziz ynsan kim diýseler, hiç hili ikirjiňlenmän «Ene» diýip jogap bererdik. Eneleriň mähri — biziň kalbymyzyň şuglasy,

Kitaply çaga – ganatly çaga

03.03.2026
Dünýä ýüzünde adamlary biri-birine baglaýan, pikirlerini baýlaşdyrýan, olaryň akyl derejesini ösdürýän iň gymmatly serişdeleriň biri hem kitapdyr. Kitap adamzadyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan tejribesiniň, ylmyň,
GitTop