Dark
Light
18.02.2026
gami halas THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň kenar gulluklary Hazar deňzinde eýran gämisiniň ekipažyny halas etdiler

15.01.2026

2026-njy ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Hazar deňzindäki kenar gulluklary betbagtçylyga uçraýan “Rona” atly eýran ýük gämisinden SOS signalyny aldylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berdi.

Türkmenistanyň adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň netijelerini aradan aýyrmak bilen bagly döwlet edaralary tarapyndan deňiz gatnawynyň düzgünlerini kadalaşdyrýan halkara kadalara laýyklykda gämidäki adamlary halas etmek boýunça ähli zerur çäreler görüldi.

Utgaşykly hem-de wagtynda geçirilen çäreleriň netijesinde gämide bolan 14 sany ekipaž agzasynyň ählisi halas edildi. Deslapky maglumatlara laýyklykda, olar Eýranyň we Hindistanyň raýatlarydyr.

Häzirki wagtda türkmen tarapy halkara kadalarda göz öňünde tutulan degişli çäreleri geçirýär.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

saylawlar edara THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi

bedew yyly THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bedew bady bilen belent maksatlara tarap!

Soňkylar Habar

Diplomatik işgärleriň gününe bagyşlandy

17.02.2026
Düýn – 16-njy fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli, türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi bilen Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli

Ýaremezançy çagalar aýlanyp başlady

16.02.2026
Mübärek Oraza aýynyň golaýlaşmagy bilen, ýurdumyzyň çar künjeginde gadymy we şadyýan däplerimiziň biri bolan Ýaremezan aýdymlary gaýtadan belentden ýaňlanyp başlady. Agşamara goňşy-golamlaryň gapysynda ýygnanan
GitTop