Dark
Light
08.03.2026
planetalar hatara duzuler THE ASHGABAT TIMES

28-nji fewralda «Planetalaryň ýörişi» bolar

16.02.2026

Fewralyň ahyrynda gijeki asmanda seýrek hadysany synlasa bolar, ýagny birbada alty sany planeta bir hatara düzüler. Dört planeta ― Merkuriý, Wenera, Mars we Ýupiter adaty ýagdaýda göze görner, emma Urany we Neptuny synlamak üçin dürbi ýa-da teleskop gerek bolar. Bu barada «The Guardian» neşiri habar berýär.

«Planetalaryň ýörişi» ýa-da «planetalaryň deňleşmesi» diýilýän hadysa bir wagtda azyndan dört ýa-da bäş planetany synlamak mümkin bolanda döreýär. 28-nji fewralda hem Merkuriý, Wenera, Mars, Ýupiter, Uran we Neptun asmanda bir hatara düzüler hem-de bu täsin wakany dünýäniň ähli ýerindäki adamlar synlap bilerler.

Bu planetalaryň ählisi-de Günüň daşyndan şol bir tekizlikde, ýagny ekliptika boýunça aýlanýar. Her bir planetanyň dürli tizlikde we dürli uzaklykda hereket edýändigine garamazdan, Ýerden seredeniňde, olar bir hatara düzülen ýaly bolup görünýär. Emma bu görer göze şeýle, aslynda planetalar biri-birinden millionlarça ýa-da milliardlarça kilometr daşlykda ýerleşýärler.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

maks THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanda «Max» elýeterli boldy

untitled THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Köneürgenç etrabyna 1 million amerikan dollary gowşuryldy

Soňkylar Dünýä habarlary

«Toyota» kompaniýasynyň awtoulag satuwy ýokarlandy

03.03.2026
«Bloomberg» neşiriniň ýazmagyna görä, ýanwar aýynda «Toyota» kompaniýasynyň awtoulag satuwy ýokarlandy. Hasabat döwründe kompaniýanyň esasy brendleri bolan «Toyota» we «Lexusyň» satuwy ABŞ-da 8,1 göterim,
GitTop