Dark
Light
13.08.2026
img 20260217 104205 THE ASHGABAT TIMES

ADAM ORGANIZIMINIŇ GEŇ GALDYRYJY FAKTLARY

17.02.2026

Adam organizmi medisina tehnologiýalarynyň ösen döwründe hem haýran galdyrmagyny dowam etdirýär. Alymlar biziň bedenimiziň üýtgeşik hasaplanýan täze aýratynlyklaryny açýarlar. Käbir üýtgeşik aýratynlyklary hakynda tanyş bolalyň.

Adam organizmi aç 30-40 güne çenli, suwsuz 3-5 güne çenli, howasyz 6 minuda çenli çydap bilýär.Adam bedeni bütin ömrüniň dowamynda, takmynan, 450 kilogram gyzyl gan öýjüklerini öndürýär. Has gyzyklysy, biohimiki düzümi boýunça gan plazmasy deňiz suwuna meňzeşdir.

Erkek adamyň ýüregi aýalyňkydan birneme haýal urýandyr.Adamyň iň uly organy deri bolup, iň agyr organy bolsa bagyrdyr.Deriniň ýüzünde, takmynan, 32 000 000 bakteriýa ýaşaýar.Adam bedeninde takmynan 72 km nerw bar.Burun 50 000 dürli ysy tanamaga we ýatda saklamaga ukyplydyr.Adam bedeninde 650-den gowrak myşsa bar.Eger ähli myşsalaryň güýjüni birbada ulanyp bolýan bolsa, adam bedeni 25 tonna çenli ýüki göterip bilerdi.Dil bedeniň iň güýçli myşsasy hasaplanýar.

Ömrüniň dowamynda adamyň saçlary 950 kilometrden gowrak ösýär.Eşidiş ukybynyň peselmeginiň sebäplerinden biri aşa iýmitlenmek bolup biler.30 ýyldan soň adamyň boýy kem-kemden peselip başlaýar.Adamlaryň 30%-den gowragy ýagtylykda asgyrýarlar, gözüňizi açyp asgyrmak fiziki taýdan mümkin däl.7 aýa çenli çaga bir wagtyň özünde hem dem alyp, hem ýuwdup biler.Ömrüň dowamynda ýürek, takmynan, 6 million litr gan işläp çykarýar.

Seýitmyrat SEÝITMURADOW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

img 20260217 100809 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

BÜTINDÜNÝÄ RADIO GÜNI

turkmen amerikan THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen halkynyň Milli Lideri Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda saparda bolýar

Soňkylar Makalalar

Maşgala gymmatlygy – türkmen edebiýatynyň aýnasynda

11.08.2026
Maşgala türkmen halkynyň durmuşynda iň mukaddes düşünjeleriň biridir. Ene-atany sylamak, perzent terbiýesi, maşgala agzybirligi, uly-kiçä hormat goýmak ýaly ýörelgeler asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ruhy baýlygynyň

Şanly toýa barýarys!

11.08.2026
Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet gurmak barada eden arzuwy bu günki gün hasyl boldy. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli, toplumlaýyn işler beýik

Terbiýäniň çeşmesi – kitap

10.08.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Arkadagymyzyň çuň many-mazmunly kitaplary okyjylaryň öňünde dünýäni açýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby-da  şeýle neşirleriň biridir. Bu
GitTop