Dark
Light
11.04.2026
orazada agyz beklemek THE ASHGABAT TIMES

Agyz beklemegiň saglygymyza peýdasy

16.02.2026

Oraza tutmak, agyz bekleme döwri mukaddes we şol bir wagtda üýtgeşik döwür. Lukmançylyk tarapdanam, dini tarapdanam seredenimizde, bu döwür bedenimize agram salýan artykmaç zatlardan, ruhy dünýämizi agyrlaşdyrýan pikirlerden dynmaga ýardam edýär.

Biz mukaddes Oraza aýynda agyz beklemek arkaly beden we ruhy dünýämizde “ýowar” geçirmäge mümkinçilik alýarys. Agyz bekleme döwründe adamyň bedeni we ruhy şypa alýar. Ol hemmelere bagt we ýagşylyk arzuwlaýar, özüniň kimdigi, nähilidigi we öz edýän işleri barada oýlanýar. Bu döwürde adamyň saglygyna zyýan ýetirýän ýaramaz endiklerden gaça durmagy soňabaka endige öwrülip gitmegine hem itergi berýär. Bu bolsa ýüregimiz, köňlümiz, tutuş bedenimiz üçin hakyky peşgeşdir.

Biziň döwrümizde aç bolmagyň saglyga peýdalydygy ylmy taýdan tassyklanandygy üçin, ol lukmançylykda bejergi usullaryň biri hökmünde ulanylýar. Biologiki nukdaýnazardan alanyňda açlyk — adam bedeni üçin peýdaly bolup, onuň goraýjylyk ukybyny galkyndyrýandyr. Sebäbi adamyň bedenine iýmitiň barmasy kesilen ýagdaýynda, ol ähli güýjüni bedendäki zyýanly mikroblary öldürmäge, “zibillerden” arassalanmaga, howply çişlerden we täze döremelerden dynmaga gönükdirýär.

Agyz beklemäniň beden üçin peýdasy köpdürlüdir. Onuň netijesinde biz  bedeniň artyk agramyndan dynyp, immun ulgamyň işleýşini gowulandyryp, bedeniň maddalary alyş-çalyş prosesini has kämilleşdirip, iýmit siňdiriş ulgamynyň işini ýeňilleşdirip, adamyň özüne erk etmek häsiýetini terbiýeläp bileris.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

8ba1a63d 7a7 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Daniýaly sazanda 521 dilde söýgi aýdymyny aýtdy

maks THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanda «Max» elýeterli boldy

Soňkylar Saglyk

Hirurgiki tikinlerde doňuz içegesi ulanylýarmy?

05.02.2026
Ozallar medisinada «katgut» diýlip atlandyrylýan tikin ýüpi haýwanlaryň içegelerinden taýýarlanypdyr. Ol, esasan, goýunlaryň, käwagtlar bolsa doňuzlaryň içegelerinden alnan kollagenden öndürilipdir. Bu tikinler bedende öz-özünden

Dodak boýaglaryndaky howply madda: kadmiý

05.02.2026
Ýakynda geçirilen barlaglara görä, synagdan geçirilen ähli dodak boýagy markalarynda we reňklerinde kadmiý maddasy anyklandy. Bu diňe birnäçe önümde däl, eýsem, barlananlaryň ählisinde bar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop