Dark
Light
12.08.2026
seydi institut THE ASHGABAT TIMES

Ajaýyp binagärlik taslamasy

15.02.2026

Ýurdumyzda hereket edýän we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýan Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlanyň gurluşygy häzirki wagtda gyzgalaňly derejede alnyp barylýar. Bu täze binalar toplumynyň açylmagy diňe bir bilim ulgamyndaky gurluşyk däl, eýsem türkmen biliminiň geljegine goýulýan iň uly maýadyr.  «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde institutymyzyň täze binalar toplumynyň dabaraly açylmagy möhüm waka bolar.

Täze okuw şäherçesi iň döwrebap tehnologiýalar we sanly ulgamlar bilen doly enjamlaşdyrylar. Bu ýerde talyp ýaşlar üçin ähli şertler — giň we ýagty okuw otaglary, iň soňky nusgadaky kompýuter tehnikalary bilen üpjün edilen laboratoriýalar, baý kitap goruna eýe bolan sanly kitaphanalar we sport toplumlary dörediler. Institutyň täze binasynyň binagärlik keşbi milli ýörelgeler bilen häzirki zaman dizaýnynyň utgaşmasy bolup, ol Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň iň gözel künjekleriniň birine öwrüler.

Mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň açylmagy, geljekki mugallymlaryň hünär taýýarlygyna bolan talabyň artýan döwründe örän uly ähmiýete eýedir. Sanly bilimiň we innowasion usullaryň giňden ornaşdyrylmagy talyp talyplaryň diňe bir nazary bilimleri däl, eýsem amaly başarnyklary hem kämil derejede özleşdirmegine mümkinçilik berer. Bu ýerde bilim aljak ýaşlar özleriniň pedagogik ukyplaryny interaktiw usullar arkaly kämilleşdirip, mekdeplere baranlarynda iň döwrebap bilim beriş tehnologiýalaryny ulanmaga taýýar bolar durlar.

Jemläp aýtsak, 1-nji sentýabrda gapylaryny giňden açjak bu täze ylym ojagy ýurdumyzyň bilim ulgamynyň kuwwatyny has-da artdyrar. Türkmenistanyň geljegini gurjak nesilleri terbiýeleýän mugallymlaryň şeýle täzeçil şertlerde bilim almagy, «Bilim — bagtyň we ösüşiň gözbaşydyr» diýen pelsepäniň durmuşdaky dabaralanmasydyr. Täze binalar toplumy bilim ýolunda ýene bir nurly şamçyrag bolar.

Mahym DÖWLETMYRADOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň pedagogika fakultetiniň başlangyç bilim mugallymçylygy we psihologiýasy hünäriniň 105-nji toparynyň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

oba agrar THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Oba hojalygynda möhüm özgertmeler

bilim 2024 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bilim dünýäsi bagta atarýar

Soňkylar Makalalar

Maşgala gymmatlygy – türkmen edebiýatynyň aýnasynda

11.08.2026
Maşgala türkmen halkynyň durmuşynda iň mukaddes düşünjeleriň biridir. Ene-atany sylamak, perzent terbiýesi, maşgala agzybirligi, uly-kiçä hormat goýmak ýaly ýörelgeler asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ruhy baýlygynyň

Şanly toýa barýarys!

11.08.2026
Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet gurmak barada eden arzuwy bu günki gün hasyl boldy. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli, toplumlaýyn işler beýik

Terbiýäniň çeşmesi – kitap

10.08.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Arkadagymyzyň çuň many-mazmunly kitaplary okyjylaryň öňünde dünýäni açýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby-da  şeýle neşirleriň biridir. Bu
GitTop