Dark
Light
12.08.2026
asgabat saher THE ASHGABAT TIMES

«Al-Arabiýa»: halkara giňişlikde Watanymyzyň abraýy

22.02.2026

Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran taryhy sapary we onuň çäklerinde dünýä belli «Al-Arabiýa» teleýaýlymyna beren interwýusy halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni Türkmenistanyň barha artýan abraýyna gönükdirdi. Bu söhbetdeşlik diňe bir diplomatik gatnaşyklary däl, eýsem, Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady we syýasy giňişligindäki strategik ornuny hem aýdyň görkezdi. Milli Liderimiziň millionlarça tomaşaçysy bolan halkara teleýaýlymyň alypbaryjysynyň sowallaryna beren çuňňur manyly we anyk jogaplary döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň nobatdaky dabaralanmasyna öwrüldi.

Interwýunyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna we geljegine uly orun berdi. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň özara hormat goýmak we deňhukuklylyk esasynda guralýandygyny belläp, bu hyzmatdaşlygyň diňe bir ikitaraplaýyn bähbitlere däl, eýsem, sebit durnuklylygyna hem hyzmat edýändigini nygtady. Esasanam, ýokary tehnologiýalar, energetika we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri baradaky pikirler halkara bilermenleriň arasynda uly gyzyklanma döretdi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty barada durup geçmek bilen, ýurdumyzyň uly energetika serişdelerine we amatly geografik ýerleşişine ünsi çekdi. Energetika diplomatiýasy, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen çykarmak strategiýasy boýunça halkara geçelgeleriň ähmiýeti barada giňişleýin durlup geçildi. Şeýle-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin ýurdumyzda döredilýän amatly hukuk we ykdysady şertler interwýunyň esasy özeni boldy.

Bu taryhy interwýu bütin dünýäde gyzgyn seslenme tapdy. «Al-Arabiýa» ýaly iri habar beriş serişdeleriniň üsti bilen Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli, Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugrunyň mazmuny giň auditoriýa ýetirildi. Bilermenleriň pikirine görä, Gahryman Arkadagymyzyň ABŞ-nyň we dünýäniň işewür toparlaryna beren anyk jogaplary Türkmenistanyň halkara abraýynyň täze belentliklere galýandygynyň subutnamasydyr.

Muhammetmurat NARMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

amerika baydagy THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistan – ABŞ: döwletara hyzmatdaşlygyň binýady

hzg THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan – Halkara zähmet guramasy: zähmet gatnaşyklarynyň tejribesi

Soňkylar Makalalar

Maşgala gymmatlygy – türkmen edebiýatynyň aýnasynda

11.08.2026
Maşgala türkmen halkynyň durmuşynda iň mukaddes düşünjeleriň biridir. Ene-atany sylamak, perzent terbiýesi, maşgala agzybirligi, uly-kiçä hormat goýmak ýaly ýörelgeler asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ruhy baýlygynyň

Şanly toýa barýarys!

11.08.2026
Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet gurmak barada eden arzuwy bu günki gün hasyl boldy. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli, toplumlaýyn işler beýik

Terbiýäniň çeşmesi – kitap

10.08.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Arkadagymyzyň çuň many-mazmunly kitaplary okyjylaryň öňünde dünýäni açýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby-da  şeýle neşirleriň biridir. Bu
GitTop