Bu barada “Al-Nassr” toparynyň baş tälimçisi Žorže Žezuş žurnalistlere beren interwýusynda aýtdy:
— Biz “Arkadag” toparynyň gysga wagtyň dowamynda gazanan üstünliklerinden habarly. Muny toparyň ýaryşyň şu tapgyryna çenli üstünlikli gelmegi hem aýdyň görkezýär. Bu duşuşygyň biziň üçin ýeňil bolmajakdygyny bilýäris. Şeýle-de bolsa, öňde-de wajyp duşuşyklaryň bardygy üçin käbir ýyldyzlarymyzy Aşgabada getirip bilmedik. Her iki-üç günden bir duşuşyk geçirýändigimiz sebäpli käbir oýunçylarymyza dynç bermeli bolýarys.
Duşuşykda gazanyp boljak iň gowy netijäni gazanyp, ýene bir hepdeden öz meýdanymyzda geçiriljek duşuşykda-da mynasyp çykyş etmegi meýilleşdirýäris. Goý, bu ýaryş güýçli tarapyň, ilkinji nobatda, dostlugyň ýeňiş gazanjak duşuşygy bolsun!
«THE ASHGABAT TIMES».