Dark
Light
09.08.2026
icc 7410 THE ASHGABAT TIMES

“Arkadag” – “Al-Nassr” duşuşygy 170-e golaý ýurtda göni ýaýlymda görkeziler

11.02.2026

“Arkadag” — “Al-Nassr” duşuşygyna millionlarça janköýer tomaşa eder. Maglumatlara görä, duşuşyk dünýäniň 170-e golaý ýurdunda göni ýaýlymda alnyp görkeziler. Munuň üçin stadionyň dürli ýerlerinde ýokary hilli ýazgy edýän kameralaryň 14-si gurnaldy.

Ýaýlyma beriş işine ussat hünärmenleriň 220-den gowragy gatnaşar. Bu alnyp görkezilişe çawy dünýä ýaýran mediakompaniýalaryň 40-a golaýy gatnaşýar. 13 döwletden 25 töweregi žurnalist bolsa AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalyndaky iň ünsi çekýän duşuşyga stadionda tomaşa etmek üçin paýtagtymyza geldi. Duşuşyk olar üçin hem ajaýyp Aşgabada gezelenje öwrüldi. Daşary ýurtly kärdeşlerimiz üçin paýtagtymyzyň gözel ýerlerine we muzeýlerine gezelençler guraldy.

Žurnalistler düýn stadionyň metbugat merkezinde “Arkadag” we “Al-Nassr” futbol toparlarynyň baş tälimçileridir futbolçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen metbugat maslahatynda özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap aldylar.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

mig 8638 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Dostluk. Söwda. Innowasiýa (fotogalereýa)

konferens ss THE ASHGABAT TIMES
Next Story

“Al-Nassryň” futbol ýyldyzlary näme üçin Aşgabada gelmedi?

Soňkylar Habar

Türkmen karateçileri Aktauda 21 medal gazandylar

08.08.2026
1 — 5-nji awgust aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde karate-do boýunça Merkezi Aziýanyň çempionaty geçirildi. 420-den gowrak türgeniň gatnaşan iri ýaryşynda Türkmenistanyň milli we
GitTop