Dark
Light
14.03.2026
awtotrassa THE ASHGABAT TIMES

Aşgabat – Daşoguz esasy awtomobil ýoly düýpli döwrebaplaşdyrylar

23.02.2026

Türkmenistanda ýurduň esasy ulag ýollarynyň birini düýpli döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär. Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow paýtagty ýurdumyzyň demirgazyk sebiti, ýagny Daşoguz welaýaty bilen birleşdirjek döwrebap awtomobil ýolunyň gurluşygy üçin halkara bäsleşik geçirmek teklibini tassyklady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň ýol-ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän awtomobil ýollaryny, köprüleri gurmak boýunça Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Daşoguz welaýatyny paýtagtymyz Aşgabat şäheri bilen baglanyşdyrjak Aşgabat – Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek hem-de bu ýoluň ugrunda täze köprini gurmak boýunça halkara bäsleşigi geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Bu awtomobil ýolunyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy üstaşyr ýük we ýolagçy gatnawlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik bermek bilen, ulag pudagynda has berk halkara hyzmatdaşlygy ösdürer we welaýatlar bilen paýtagtyň arasynda ýokary hilli gatnaşyklary üpjün eder.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aşgabat – Daşoguz ýolunyň ýurdumyzyň esasy ýollarynyň biridigini nygtamak bilen, wise-premýere zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

demir yol wokzal THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«Demir ýollary» AGPJ işe çagyrýar!

saglyk new 26 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Saglygy goraýyş diplomatiýasy: umumadamzadyň bähbidine

Soňkylar Habar

GitTop