10-njy fewralda Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň 12-nji sergisi öz işine başlady. Forumyň açylyşyna resmi wekiliýet bilen Aşgabada gelen Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolat gatnaşdy.

Sergide 100-den gowrak kompaniýa we işewürler birleşikleri wekilçilik edýär. Sergi 12-nji fewrala çenli dowam eder.

Gatnaşyjylar dürli pudaklara degişli harytlaryň giň görnüşlerini görkezýärler. Guramaçylar türkmen kompaniýalaryny türkiýeli öndürijileriň önümleri bilen tanyşmaga we özara bähbitli hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenmäge çagyrýarlar.
«THE ASHGABAT TIMES».