Uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýangyç-energetika ulgamynda toplumlaýyn strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny döwrebap derejede ösdürmek, tebigy gazyň daşarky bazarlara iberilýän möçberini artdyrmak we ugurlaryny köpeltmek, nebit ýataklaryny netijeli özleşdirmek, nebitgaz pudagynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak üçin döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işler üstünlikleri dowam etdirilýär.
13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde berlen hasabatlar ýurdumyzyň ykdysady taýdan durnukly ösýändigini, ähli pudaklarda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini aýdyň görkezdi. 2025-nji ýylda döwletimiziň makroykdysady görkezijilerinde yzygiderli ösüş hasaba alnyp, jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterim derejede üpjün edildi. Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 76 milliard 527,1 million kub metr tebigy gaz, 8 million 382,3 müň tonna nebit çykaryldy. 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, dizel ýangyjynyň öndürilişi 9,8 göterim, benziniň öndürilişi 6,2 göterim, kerosiniň öndürilişi 5,4 göterim, nebit bitumynyň öndürilişi 26,4 göterim, suwuklandyrylan uglewodorod gazlarynyň öndürilişi 5,2 göterim artdy.
“Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 108,6 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 108,8 göterim boldy. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 108,1 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 101 göterim, nebit bitumyny öndürmegiň meýilnamasy 284,6 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 101,7 göterim berjaý edildi. Şeýle-de suwuklandyrylan gazy öndürmegiň ösüş depgini 105,2 göterime deň boldy. Maksatnamalaýyn esasda amala aşyrylýan bu işler diňe bir döwletimiziň ykdysady kuwwatyny däl, eýsem, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini hem düýpli ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde maksatnamalaýyn ösüşiň täze tapgyrynda döwrebap taslamalaryň, täzeçil pikirleriň we netijeli dolandyryş çözgütleriniň ähmiýetini aýratyn nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň 2026-njy ýyl üçin bellenen sepgitleriň halkymyzyň tutanýerli zähmeti arkaly doly berjaý ediljekdigine bildiren berk ynamy ýurdumyzyň durmuş-ykdysady strategiýasynyň üstünlikli amala aşyryljakdygynyň kepilidir.
Kasymmyrat DURDYÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.