Dark
Light
18.07.2026
badminton THE ASHGABAT TIMES

Badminton boýunça Aşgabadyň açyk birinjiligi geçirildi

26.02.2026

Aşgabat şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Badminton federasiýasynyň bilelikde guramagynda paýtagtymyzyň açyk birinjiligi geçirildi. Bu ýaryş şu ýylda halkara bäsleşiklere gatnaşjak milli ýygyndy toparyň düzümine dalaşgär türgenleri saýlap almakda möhüm tapgyr boldy.

Oglanlaryň we gyzlaryň arasyndaky bäsleşiklere jemi 32 türgen gatnaşdy. 

Paýtagtymyzyň açyk birinjiliginiň netijelerine görä, degişli derejelerde ilkinji dört orny eýelän türgenler ýurdumyzyň çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Häzirki wagtda welaýatlarda hem saýlama tapgyrlar dowam edýär. 23 — 25-nji mart aralygynda geçiriljek milli çempionata iň güýçli badmintonçylarymyz ýygnanar.

Ýeňijiler we baýrakly orunlary eýelän türgenler Aşgabat şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň Badminton federasiýasynyň we TMÝG-niň Aşgabat şäher geňeşiniň gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglandylar.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

e1hltypz1suvnuhcdulaqhxrcy1oyw 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Britaniýanyň Döwlet goranmak ministri bilen duşuşyk geçirildi

germaniya forum THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýokary bilim we ylym boýunça Germaniýa – Merkezi Aziýa forumy guraldy

Soňkylar Habar

Gruziýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär

17.07.2026
Tbiliside hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa amala aşyrýan döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär. Bu giň gerimli döredijilik çäresi ikitaraplaýyn ynsanperwer gatnaşyklaryň täze

Tbiliside Türkmen-gruzin işewürlik maslahaty geçirildi

17.07.2026
Tbilisi şäherindäki «Ekspo Georgia» sergiler merkezinde hormatly Prezidentimiziň döwlet saparyna gabatlanyp, Türkmen-gruzin işewürlik maslahaty geçirildi. Bu ýerde Türkmenistanda öndürilen önümleriň göçme sergisi hem ýaýbaňlandyryldy.
GitTop