Dark
Light
14.03.2026
dsc07766 THE ASHGABAT TIMES

Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar!

27.02.2026

Bahar buşlukçysy

Gaýalaryň gary eräp bireýýäm,
Pyntyklady pisse bilen badamlar.
Bahar ýeli aýnalary kakyp ýör:
— Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar!

Gol ýaýratdy bagymyzyň üzümi,
(Uzak ýaşar şol üzümden dadanlar).
Bahar ýeli sypap geçdi ýüzümi:
— Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar!

Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar,
Lälezarda öwşün atýar gunçalar!
Ýodalary suwlap, ýuwdy topragy
Bahar buşlukçysy — hoştap damjalar.

Gaýalaryň gary eräp bireýýäm,
Pyntyklady pisse bilen badamlar.
Pikir beriň, ahmal galmaň, tijeniň:
— Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar!

Halyl KULYÝEW.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

2263758357 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Jim Karrey Fransiýanyň Késar baýraklaryndan hormatly sylag bellendi

bb1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan we Beýik Britaniýa ylym hem-de medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Soňkylar Goşgular

Täze ýyl arzuwlary

31.12.2025
Adam iki gezek gelmeýär dünýä,Ýaşalan bir ömür ýaşalsyn sünnä.Köňülde kök uran, göwünde güllänBagt bagyndan paý eçilsin bu ýyllar! Humaý guşy ganat berip perinden,Her kes

Göwnüm gitdi bir bakyşda ol dildara

09.08.2025
Diýdiler Göwnüm gitdi bir bakyşda ol dildara,Näz kylan bakyşlary goýar armana.Saçy uzyn, gaşy ýaý, ýüzi nurana,Gözelleriň gözeli peri diýdiler. Soradym ilden ol gözeliň ismini,Setirlerimde

Bu türkmeniň Lideri siz, Arkadag!

17.12.2024
Türkmeniň abraýyn arşa göteren,Watan diňe siziň bilen, Arkadag!Gadym ýurda baky bagty getiren,Watan diňe siziň bilen, Arkadag! Ýaýlasynda bagt gülleri açylan,Täleýine ykbal nury saçylan,Topragyna rysk-bereket

Ajap alamatdyr bagtyýarlykdan

14.10.2024
Her güni misli toý hoş habara baýAjap alamatdyr bagtyýarlykdanÝoly asudalyk, ili hoşamaýAjap alamatdyr bagtyýarlykdan Ýazlar görk berip dur bezäp Diýary.Mäkäm örklenipdir: galmak hyýaly.Sanardan kän

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

28.09.2024
Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr,Ömürleriň manysy söýgi, mähir, yhlasdyr,Adamzadyň arzuwy abatlyga telwasdyr!Külli ynsan hakyna belent maksat tutany —Türkmenistan — parahatlyk, ynanyşmak Watany! Hoşniýetli dost
GitTop