Dark
Light
12.08.2026
gurbannazar eziz bas THE ASHGABAT TIMES

Baharyň buşlukçy şahyry

27.02.2026

Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Gurbannazar Ezizow hakydalardan hemişelik orun alan, döredijiligi halkymyzyň öçmejek mirasyna öwrülen söýgüli şahyrymyz. Indi her ýylyň baharynyň ilkinji gününi Gurbannazar şahyryň doglan güni diýip garşylamak bu toprakda adaty ýagdaýa öwrülip gitdi.

Gurbannazar Ezizow türkmen poeziýasyna täze bir akym, pelsepewi çuňluk we durmuşyň iň inçe tarlaryny sarsdyrýan üýtgeşik duýgy getirdi. Onuň döredijiligi türkmen söz sungatynyň nusgawy däpleriniň dowamy bolmak bilen bir hatarda, dünýä edebiýatynyň iň gowy nusgalary bilen bäsleşip biljek döwrebaplygy hem özünde jemleýär.

Bu günki gün biz türkmen baharyny Gurbannazar şahyryň şygyrlary bilen garşylaýarys. Şol şygyrlar bilen türkmen sährasynyň gözelligini wasp edýäris. Gurbannazar şahyryň özüne welin, türkmen topragynyň bary-ýogy otuz bäş baharyny görmek miýesser edipdi. Ýöne, şol gysga ömrüniň dowamynda ol türkmene bu ajaýyp Watanyň gözel pasyllaryny baky wasp edip gezmek üçin ýeterlik poeziýany peşgeş goýmaga ýetişipdi… Şahyryň bu peşgeşi — öz mähriban halkyna, şu topraga ýapan bahasyz serpaýydy… Bu bahasyz serpaýyň öwezine bolsa ol bizden diňe bir zady — baky söýgini isläpdi…

Hawa, baharynyň ilkinji gününde biz ýene-de Gurbannazar Ezizowy ýatlaýarys. Diňe bir bu gün däl, şahyr öz şygyrlary bilen türkmen topragynda ýylyň dört paslynda-da ýaşap ýör. Sebäbi ol şygyrlarda bu barlygyň ajaýyp keşbi suratkeşiň ussatlygy bilen döredilipdi. Ol eserleriň ählisinde-de nähilidir bir üýtgeşik hyjuw, egsilmez joşgun bar. Şonuň üçinem biz hemişe Gurbannazar şahyry ýatlanymyzda kalbymyza türkmen topragynyň göwnüňi göteriji ýakymy aralaşýar. Bu bolsa şahyryň bize hemişelik ýapyp giden bahasyz serpaýydyr.

Tumar GURBANGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

108267294 1771506727822 gettyimages 2261841364 social media trial THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Instagram ýetginjekleriň howply gözlegleri boýunça ene-atalara duýduryş ugradyp başlaýar

gyz edep terbiye THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Milli we edebi ýörelgeler

Soňkylar Makalalar

Maşgala gymmatlygy – türkmen edebiýatynyň aýnasynda

11.08.2026
Maşgala türkmen halkynyň durmuşynda iň mukaddes düşünjeleriň biridir. Ene-atany sylamak, perzent terbiýesi, maşgala agzybirligi, uly-kiçä hormat goýmak ýaly ýörelgeler asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ruhy baýlygynyň

Şanly toýa barýarys!

11.08.2026
Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet gurmak barada eden arzuwy bu günki gün hasyl boldy. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli, toplumlaýyn işler beýik

Terbiýäniň çeşmesi – kitap

10.08.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Arkadagymyzyň çuň many-mazmunly kitaplary okyjylaryň öňünde dünýäni açýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby-da  şeýle neşirleriň biridir. Bu
GitTop