Dark
Light
12.08.2026
mekdep baslangyc THE ASHGABAT TIMES

Başlangyç synplarda bilim-terbiýäni ösdürmegiň usulyýet esaslary

25.02.2026

Mekdep bosagasyndan ilkinji ädimlerini äden çaga üçin başlangyç synp mugallymy diňe bir bilim beriji däl, eýsem, täze dünýäniň ýol görkezijisidir. Bu döwürde çaganyň okuwa bolan höwesiniň oýarylmagy we onuň şahsyýet hökmünde kemala gelmegi gönüden-göni mugallymyň usulyýetine baglydyr. Başlangyç synplarda esasy üns okuwçylaryň diňe bir sowatlylygyna däl, eýsem, olaryň özbaşdak pikirlenmek, seljermek we maglumatlary işläp taýýarlamak ukyplaryna gönükdirilmelidir.

Häzirki zaman başlangyç biliminde interaktiw usullar we sanly tehnologiýalaryň utgaşdyrylmagy okuw prosesiniň netijeliligini ýokarlandyrýan esasy şertleriň biridir. Mugallym sapakda diňe maglumat bermek bilen çäklenmän, eýsem, okuwçylaryň işjeňligini gazanmak üçin dürli usullardan, meselem, toparlaýyn işlerden, «akyl hüjüminden» we dürli çekişmeleri döretmekden peýdalanmalydyr. Matematika, ene dili ýa-da tebigat, iňlis dili ýaly derslerde görkezme esbaplaryny we häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak, mowzugyň çaga tarapyndan has aňsat we gyzykly özleşdirilmegine ýardam edýär. Şunda mugallymyň her bir okuwçynyň özboluşly aýratynlyklaryny, ýagny kabul ediş ukyplaryny göz öňünde tutmagy örän möhümdir.

Terbiýeçilik işi başlangyç synplarda okuw bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Çagalarda watansöýüjilik, ululara hormat, zähmetsöýerlik we dostluk ýaly asylly häsiýetleri kemala getirmek mugallymyň gündelik wezipesidir. Sapagyň dowamynda we arakesmelerde çagalar bilen açyk söhbetdeşlikleri guramak, olaryň emosional dünýäsine aralaşmak we özlerine bolan ynamyny artdyrmak möhüm ähmiýete eýedir. Mugallymyň adalatly bahalandyrmasy we okuwçynyň gazanan üstünligini wagtynda belläp geçmegi, çaganyň geljekki okuw ýyllaryna bolan ruhy belentligini kepillendirýär.

Netijede, başlangyç synp mugallymynyň hünär ussatlygy onuň yzygiderli özüni kämilleşdirmeginden we täzeçil pedagogik usullary gündelik tejribesinde ulanmagyndan ybaratdyr. Mugallym we okuwçynyň arasyndaky mähirli hem-de ynamly gatnaşyk, sagdyn psihologik gurşawy döredip, bilim bermekde ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, başlangyç synplarda goýlan berk binýat, okuwçynyň geljekde kämil we sowatly şahsyýet bolup ýetişmegine esas bolup hyzmat edýär.

Ejebaý HOJATOWA,
Garagum etrabynyň 16-njy orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

alkan THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Balkanabatda zehinli ýaşlaryň intellektual bäsleşigi geçirildi

bitarap gyzyl kitap THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen Bitaraplygynyň şöhratly ýoly

Soňkylar Makalalar

Maşgala gymmatlygy – türkmen edebiýatynyň aýnasynda

11.08.2026
Maşgala türkmen halkynyň durmuşynda iň mukaddes düşünjeleriň biridir. Ene-atany sylamak, perzent terbiýesi, maşgala agzybirligi, uly-kiçä hormat goýmak ýaly ýörelgeler asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ruhy baýlygynyň

Şanly toýa barýarys!

11.08.2026
Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet gurmak barada eden arzuwy bu günki gün hasyl boldy. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli, toplumlaýyn işler beýik

Terbiýäniň çeşmesi – kitap

10.08.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Arkadagymyzyň çuň many-mazmunly kitaplary okyjylaryň öňünde dünýäni açýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby-da  şeýle neşirleriň biridir. Bu
GitTop