Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýagty geljegimiz bolan ýaş nesil barada edilýän aladalar buýsanjyňy artdyrýar. Ýurdumyzda ýaş nesliň bilimli, sowatly bolmagy, milli mirasymyzdan, sungatymyzdan, medeniýetimizden, şeýle hem häzirki döwrüň ösen kompýuter tilsimatlaryndan baş çykarmagy, kämil bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Ýaş nesliň kämil bilimli bolmagynda başlangyç synpda öwredilýän sapaklaryň ähmiýeti uludyr, çünki başlangyç synp geljekki bilim mümkinçiliklerine aýdyň ýol bolýar. Ikinji synpda türkmen dili sapagynda ýogyn we inçe çekimli sesler öwredilýär. Sapagy döwrebap usulda guramak üçin multimedia tagtasynda dürli slaýdlary, ýumuşlary taýýarlaýarys. Sapak wagtynda bu ýumuşlary, slaýdlary görkezmek okuwçylaryň täze temany öwrenmegine, sapagy özleşdirmegine oňat täsir edýär.
Sapagyň dowamynda okuwçylara okuw kitabyndan gönükmeleri ýazdyrýarys. Ýazylan sözlerde näçe çekimli sesiň bardygyny okuwçylar bilen bilelikde pikir alyşýarys. Şeýle işjeň ýagdaýda geçilýän sapak türkmen diliniň başlangyç bilimlerini özleşdirmäge mümkinçilik berýär. Sapagyň dowamynda dürli sözleri depderlerine ýazdyrmak we çekimliler hakyndaky pikirlerini diňlemek hem ýola goýulýar. Bularyň ählisi okuwçylaryň bilimleri özleşdirmegine ýardam edýär.
Ukyp-başarnykly, zehinli ýaşlar Garaşsyz Watanymyzyň geljegini gurujylardyr. Parlak geljegimizi gurujy bagtyýar ýaşlara döwrebap bilim-terbiýe bermäge döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz bimöçberdir.
Oguldurdy KADYROWA,
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 29-njy orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.