Dark
Light
08.09.2026
bedew yyly THE ASHGABAT TIMES

Bedew bady bilen beýik ösüşlere!

19.02.2026

Şu ýylyň şygarynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy milli gymmatlyga belent sarpanyň ýene-de bir güwäsi hökmünde ulus-ilimizi buýsandyrdy. Halkymyzyň arasynda bedew atyň rysgal-döwlet, rowaçlyk getirýändigi hakdaky aýtgylar juda ýörgünli bolup, olaryň örän çuňňur manysy bar.

Ýaş nesliň bedew ata söýgüsini artdyrýan, olarda atşynaslyk sungatynyň dowamat tapmagynda uly ähmiýeti bolan nurana jümleler hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň baky Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň içinden hem eriş-argaç bolup geçýär. Kitabyň elimize gowuşmagy biz — mugallymlar üçin bahasyz gollanma boldy. Okuw sapaklarymyzda bu kitaba ýygy-ýygydan ýüzlenýäris. Gürrüňi edilýän eserde milli gymmatlyklarymyzyň waspyna-beýanyna hem uly orun berlipdir.

Döwlet Baştutanymyz kitapda: «Gadymy grek, arap, pars hem-de hytaý çeşmelerinde «Asman atlary», «Asmany argamaklar», «Behişdi bedewler» ýaly şöhratly meňzetmeler bilen mahabatlandyrylan, gadymy Parfiýa topragynda ösdürilip ýetişdirilen ahalteke bedewleri deňsiz-taýsyz gözelligi hem-de ynsana ýaraşykly ýagşy häsiýetleri bilen taryhyň beýik döwletleriniň arasynda iň gymmatly diplomatik sowgat hasaplanypdyr, döwletliligiň nyşany hökmünde görlüpdir» diýmek bilen, behişdi bedewlerimiziň dünýä dolan beýik şöhratyndan söz açýar. Türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilen bedewleriň parahatçylygyň ilçileri, ynanyşmagyň nyşany bolandygy olara bolan sarpany has hem artdyrýar.

Şu günler ýurdumyzyň çar künjünde bedew atlarymyz bilen bagly, ýylyň şygaryna bagyşlanan çäreler barha giň gerim alýar. Halkymyz «At agynan ýerde toý bolar» diýýär. Behişdi bedewleri dünýä beren nurana Diýarymyz — toý-baýramlaryň mekany. Bedew ýylynda bolsa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy baýram ediler. Toýlaryň ýaraşygy bolan behişdi bedewlerimiz ady bilen, okgunly bady bilen türkmen ruhuny dünýä ýaýýar. Ýakynda Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy hem şanly ýylyň rowaç menzilleriniň özboluşly badalgasyna öwrüldi.

Altyn GOÝMADOWA,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň Dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy, polisiýanyň maýory.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

galkyn taze THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«Galkynyş» ­- döwrümiziň ganaty

sport taz THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Sport – ruhubelentligiň we sagdynlygyň gözbaşy

Soňkylar Makalalar

Kitaba sarpa – durmuşa söýgi

07.09.2026
Kitap milli medeniýetiň ölçeg daşydyr. Kitaba, çeper edebiýata, döredijilige aýratyn sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň eserleri ýaş nesliň kalbyna milli ruhy gymmatlyklaryň

Kitaba bolan söýgi maşgaladan başlanýar

05.09.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde mugallymlar, talyp ýaşlar we okuwçylar bilen geçiren umumy okuw sapagynda

Türkmenistan – bilimler ýurdy

04.09.2026
Altyn güýzüň ilkinji gününde — 1-nji sentýabrda Türkmenistan döwletimiziň ähli okuw mekdeplerinde täze — 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlaýan ilkinji jaň ýaňlandy. Bilimler we

Döwletli geňeş – berkarar geljek

04.09.2026
Türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan döwletlilik mekdebi halka sala salmak, il-günüň agzybirligine hem-de pederlerimizden dowam edip gelýän parasatly durmuş ýörelgelerine daýanmak ýaly belent gymmatlyklardan gözbaş

Durmuş sapaklaryny öwredýän gymmatly hazyna

04.09.2026
Ynsan özüniň bütin ýaşaýyş durmuşynda ömrüniň manysyny gözleýär. Öz söýen kär-hünärini saýlap, nesil ýetişdirip, onuň manysyny artdyrmaga, adamlaryň durmuşyna many çaýmaga çalyşýar. Gahryman Arkadagymyzyň
GitTop