Dark
Light
09.08.2026
caga terb THE ASHGABAT TIMES

Bedew bady bilen bilim belentliklerine tarap

21.02.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bilim özgertmeleri «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem barha rowaçlanýar.

Şu ýylyň 13-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzda bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň, bilim tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmagy dowam etdirmegiň, hünär bilimini kämilleşdirip, hünärmenleri taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmagyň, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň möhümdigine we geljekde bilim ulgamynyň durmuşynda öňde durýan wakalar barada bellenilmegi hem bu ýylda bilim özgertmeleriniň üstünlikli dowam etdirilmegine itergi berýär.

Alym Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly eserlerinden, pent-sargytlaryndan we ajaýyp tutumlaryndan ugur alyp, bilim binýadynyň pugtalandyrylmagyna goşant goşup, has döredijilikli we netijeli işlemek bilim-terbiýeçilik işgärleri üçin uly buýsançdyr. Çünki häzirki wagtda ähli bilim ojaklarynda bolşy ýaly, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň düzümlerinde döredilýän zähmet şertleri, okuw-terbiýeçilik işleri babatda aňrybaş mümkinçilikler edep-terbiýeli, sagdyn düşünjeli nesilleri kemala getirmäge gönükdirilendir.

Hünäri kämilleşdirmek, ösen aň-düşünjeli nesilleri kemala getirmek babatda halkara iş tejribelerini öwrenmek bilen, biz hem bakja-bagymyzda döwlet Maksatnamalaryndan, bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň täze çözgütlerinden ugur alyp netijeli zähmet çekmäge, döredijilikli taslamalary durmuşa ornaşdyrmaga, milli usulyýetiň gazananlaryny üstünlikli dowam etdirmäge çalyşýarys. Çünki bagtyýar nesilleriň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy babatda işjeň usulyýete daýanyp, mundan beýläk hem yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine goşant goşmak mukaddes borçdur.

Sähra AKMÄMMEDOWA,
Mary etrabynyň 2-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

caga bilim dunya THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Nesil terbiýesinde pedagogik işleriň ähmiýeti

al arabiya THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ösüşiň we parahatçylygyň taglymaty

Soňkylar Makalalar

Şöhratly taryhyň ýaňy

06.08.2026
Dogrudan hem, bu günki gün «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen beýik şygar bilen türkmen halkyny aýdyň geljege sary

Biz – buýsançly döwrüň bagtyýar bilim işgärleri!

04.08.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, şol sanda mekdebe çenli bilim-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmek ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler, açylyp ulanylmaga berilýän

Garaşsyzlyk – halkyň buýsanjy we bagty

04.08.2026
Garaşsyzlyk her bir halkyň iň gymmatly baýlygy, döwletliligiň we milli erkinligiň esasy nyşanydyr. Ol halkyň öz ykbalyny özbaşdak kesgitlemäge, syýasy, ykdysady we medeni ösüş
GitTop