Biri-birinden zyýada gelýän ýyllar halkymyzyň ykbalyna bagtyýarlyk, rowaçlyk hem-de ösüş-özgerişler getirýär. Bagta beslenýän aý-günler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň taryhynda täze sahypalary açyp, ýurdumyzy ynamly gadamlar bilen belent maksatlara tarap alyp barýar. Şoňa görä-de, şu ýylymyzyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy syýasy-jemgyýetçilik taýdan ýokary ähmiýete eýedir.
2026-njy ýylymyzyň şygary hem döwletimiziň gazanan beýik üstünlikleriniň, ösüş depginleriniň aýdyň beýanydyr. Biz bu ýylda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyny ýokary ruhubelentlikde garşy alýarys. Ýylyň şygary mukaddes Garaşsyzlygyň hem-de hemişelik Bitaraplygyň döwletimiziň ösüş ýolundaky esasy binýatdygyny, bedew bady bilen öňe barýandygyny çuňňur filosofiki many bilen açyp görkezýär.
Häzirki zaman dünýäsinde Türkmenistan döwletimiz bedew batly ösüşleri bilen halkara jemgyýetçiliginiň üns merkezindedir. Bu ösüşleriň esasy hereketlendiriji güýji bolsa bagtyýar ýaşlardyr. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýaşlara ähli ugurlarda giň ýol açylýar. Ýaşlarymyzyň ylym-bilim, sport, medeniýet we döredijilik ýaly ugurlarda gazanýan üstünlikleri ýurdumyzyň abraýyny has-da belende göterýär. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi bolsa ýaş nesilleri täze ýeňişlere, beýik maksatlara ruhlandyrýar. Şanly ýylymyzda hem bagtyýar ýaşlar ata Watanymyzyň ösüş-özgerişlerine, halkara abraýynyň artmagyna özleriniň halal zähmeti, döredijilikli başlangyçlary, belent hyjuwlary bilen mynasyp goşant goşarlar.
Türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirip, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri amala aşyrýan Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Goý, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, ömürleri uzak bolsun!
Göwher MÖWLÝAMOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Döwletli etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.