Dark
Light
09.10.2026
galkyn taze THE ASHGABAT TIMES

Belentden ýetirler tarypyň, bedew!

12.02.2026

Türkmen bedewi halkymyz üçin ösüşleriň tizliginiň nyşany hasaplanýar. Şu jähetden, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyz hem şanly wakalara beslenip, her bir güni şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazylýar. Şu ýylyň 16 — 25-nji ýanwary aralygynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň geçirilip, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy şöhratly wakalaryň üstüni ýetirdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şeýle asylly ýörelgeler mynasyp dowam etdirilýär. Muňa 2026-njy ýylyň şygarynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy uludan toýlanyljak şanly ýylyň ilkinji aýynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk festiwalynda sirk sungatyna uly goşandy üçin halkara şahadatnamalara mynasyp bolmagy «At — myrat» diýen ata-babalarymyzyň gadymy seýisçilik däpleriniň täzeçe öwüşginde dowam etdirilip, ganatly bedewlerimiziň çawynyň äleme dolýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Milli sirk sungatynyň ösüşinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna uly orun degişlidir. Mälim bolşy ýaly, bu topar 2007-nji ýylda Milli Liderimiziň tagallasy bilen döredildi. Bu toparyň dünýäniň dürli ýurtlarynda çykyş edip, sirk sungaty boýunça birnäçe abraýly halkara baýraklara, şol sanda 2013-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen «IDOL» bütindünýä sirk sungaty festiwalynda, 2014-nji ýylda Italiýanyň Latina şäherinde geçirilen XVI halkara sirk festiwalynda, 2015-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynda guralan II halkara sirk sungaty festiwalynda, 2016-njy ýylda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Çarwadarlaryň II bütindünýä oýunlarynda baş baýraklara, 2018-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde ilkinji gezek geçirilen Fontankadaky I halkara sirk sungaty festiwalynda «Altyn Gaetano» altyn heýkeljigine, geçen ýyl bolsa Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolandygyny bellemek gerek.

Halkymyz «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmegine we halkymyzyň abadançylygyna, eşretli durmuşyna gönükdirilen işleri amala aşyrmak, Watanymyzyň beýik ösüşlerine mynasyp goşant goşmak üçin uly jogapkärçilik duýgusy bilen gadam basdy. Bu bolsa 2026-njy ýylda-da Diýarymyzda ajaýyp üstünlikleriň gazanylyp, täze belent sepgitlere ýetiljekdiginiň alamatydyr. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýylyň ilkinji aýynda gazanan halkara ýeňşi bolsa ýylyň geljekki üstünlikleriniň we ýetiljek täze sepgitleriň buşlukçysydyr.

Gülnur PYGAMOWA,
Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

mergen oraz THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

“Biz haýsydyr bir ýyldyz futbolçy bilen däl-de, tutuş topar bilen duşuşýarys“

halypa sagirt ahun THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Halypa-şägirtlik ýoly – durmuş mekdebi

Soňkylar Makalalar

Bagtyýar çagalar – ýagty ertirlerimiziň umydy

06.10.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Milletiň ogullaryna ruhy tagzym!

05.10.2026
Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralanýarlar. Bu gün mynasybetli

Halk hakydasyna hormat

04.10.2026
Ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda durmuşyň abadanlygy, halkyň erkinligi ugrunda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar, şeýle-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary ýatlanylyp,
GitTop