Dark
Light
14.03.2026
das1 THE ASHGABAT TIMES

Beýik Britaniýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi

27.02.2026

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Lankaster-hausda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Beýik Britaniýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy boldy. Onuň dowamynda syýasy gepleşikleri, söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň geljegi uly ugurlaryna garaldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda «Merkezi Aziýa – Beýik Britaniýa» formatyndaky birinji ministrler duşuşygyny geçirmek başlangyjy üçin britan tarapyna minnetdarlyk bildirdi we Merkezi Aziýada sebit agzybirliginiň berkeýän häzirki şertlerinde bu duşuşygyň öz wagtyndadygyny belledi.

Dünýäniň ählumumy wehimlerine netijeli garşy durmaga ukyply bolan durnukly we bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti kemala getirmekde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Patyşalyk bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, uglewodorodlary çuňňur gaýtadan işlemegiň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek, Londonyň dünýäniň öňdebaryjy maliýe merkezleriniň biri hökmündäki tejribesini ulanmak, hukuk, konsalting we audit ulgamlary, sebitiň üstaşyr (tranzit) mümkinçiliklerini güýçlendirmek ýaly ugurlar görkezildi.

Sözüniň ahyrynda ministr Türkmenistanyň täze formatyň çäklerinde-de, ikitaraplaýyn esasda-da anyk we özara bähbitli netijelere ýetmäge gönükdirilen işjeň hem-de mazmunly hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady. Şeýle hem duşuşygyň dowamynda sebit we halkara gün tertibiniň beýleki meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bb1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistan we Beýik Britaniýa ylym hem-de medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýärler

oraza bayram THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Gymmatlyklara baý Remezan

Soňkylar Habar

GitTop