Dark
Light
15.07.2026
bilim 2024 THE ASHGABAT TIMES

Bilim dünýäsi bagta atarýar

15.02.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly ýurdumyzyň şöhratly taryhynda aýratyn orun aljak ýyllaryň biridir. Bu ýyl ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleriniň, Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň sarsmaz sütünleriniň dabaralanmasydyr. Ýylyň şygarynda ahalteke bedewlerimize bolan sarpanyň nyşanlarynyň bolmagy hem ýaşlarymyzda watansöýüjilik, merdanalyk we milli däp-dessurlarymyza wepalylyk duýgularyny oýarýar.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem bilim ulgamyny kämilleşdirmekden ybaratdyr. Bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda her bir ýylyň şygary bilim ulgamynda okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga, mugallymlaryň, okuwçy we talyp ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny açmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda sanly ulgam doly ornaşdyryldy. Bu bolsa dünýäniň iň täze ylmy maglumatlarynyň elýeterliligini üpjün edýär. Gurlup ulanylmaga berilýän täze, döwrebap mekdepler we çagalar baglary iň kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylyp, ýaşlaryň bäsdeşlige ukyply hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär.

Mälim bolşy ýaly, 13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde berlen hasabatlar ýurdumyzyň ykdysady taýdan durnukly ösýändigini, ähli pudaklarda, şol sanda bilim ulgamynda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini aýdyň görkezdi. Hut şu ýyl Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlary hem dabaraly açylar. «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl umumy meýdany 900 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlaryny, 3 müň 380 orunlyk umumybilim edaralaryny, 1 müň 80 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.  Munuň özi milli bilim ulgamynyň üstünliklere beslenýändigini aýdyň görkezýär.

Halkymyzyň bagtyýar geljegi üçin bilim ulgamynda alnyp barylýan özgertmeler ýaş nesliň maksat-myradyna ýetmegi üçin berk binýatdyr. Ýurdumyzyň bilim ulgamy bedew batly ösüşleriň sarsmaz sütünidir. Ýaş nesilleriň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, hakyky watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Merjen ALMEDOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň pedagogika fakultetiniň başlangyç bilim mugallymçylygy we psihologiýasy hünäriniň 207-nji toparynyň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

seydi institut THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ajaýyp binagärlik taslamasy

bedew yyly kollazh THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ösüşleriň we bagtyýarlygyň senasy

Soňkylar Makalalar

Elektron kitaphanalar – döwrüň talaby

14.07.2026
Elektron kitaphanalar durmuşymyzda möhüm orny eýeleýär. Häzirki zaman kämil el telefonlaryndan we kompýuterlerden elektron kitaphanalaryna girmek we islendik kitaby tapmak mümkin. Dünýäde tehnologiýalaryň tiz

Üstünlik hemraňyz bolsun, hormatly dalaşgärler!

14.07.2026
Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine talyplyga dalaşgär ýaşlaryň resminamalaryny kabul etmek işleri başlandy. Bu möhüm möwsüme Ministrler Kabinetiniň 10-njy iýulda geçirilen giňişleýin

Hünärli nesil – ýurdumyzyň kuwwaty

14.07.2026
Bilim ulgamy jemgyýetiň we döwletiň ösüşiniň esasy sütünleriniň biridir. Häzirki döwürde dünýäde ylmyň, tehnologiýanyň we innowasion önümçiligiň çalt depginlerde ösmegi ýokary hünärli, döredijilikli we

Kitap – ylymlar dünýäsiniň altyn açary

13.07.2026
Kitap adama ylham eçilip, onuň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar. Adamzat durmuşynyň ösmeginde, täze açyşlaryň edilmeginde kitaba uly orun degişlidir. Sebäbi kitap ylymlar dünýäsiniň altyn açaryny

Bedewiň owazy – bagtyň buşlugy

13.07.2026
Ýylyň ady halkyň göwnünden orun alanda, ol hakyky şygara öwrülýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen şu ýylymyz
GitTop