Dark
Light
15.09.2026
emblema 2026 THE ASHGABAT TIMES

Bir belent ykbal sen illere, bedew!

14.02.2026

Röwşen geljege uly ynam bilen gadam basan 2026-njy ýylymyzyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy türkmen döwletliliginiň ösüşiň täze tapgyryna çykýandygyny alamatlandyrýar. Şanly ýylymyzyň şygary halkymyzy ýeneki zähmet üstünliklerine, beýik işlere ruhlandyrýar. Bu ajaýyp şygaryň mazmunynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy ähmiýeti, dünýä derejesinde ykrar edilen ata Watanymyzyň bedew batly ösüşleri, milli gymmatlyklarymyzyň belent sarpasy aýdyň şöhlelenýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işler bedew batly ösüşlere beslenýär. Ýetilýän belent sepgitler bolsa halkymyzy ýeneki zähmet üstünliklerine, beýik işlere ruhlandyrýar. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni ösüşleriniň depgininiň bedew bady bilen baglanyşdyrylmagy hem ýöne ýere däl. Halkymyzyň milli buýsanjyna deňelýän bedewler täze taryhy döwürde milli galkynyşy alamatlandyrýar. Hut şonuň üçin hem Döwlet tugramyzda bedew atyň keşbi şekillendirilendir.

Şu ýyl halkymyz uly bir şanly senäni — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny dabaraly ýagdaýda garşylar. Şonuň üçin ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýubileý senesi, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Hormatly Prezidentimiziň Täze ýyl Gutlagynda belleýşi ýaly, «Türkmen halky öz arzuwlaryny, belent maksatlaryny ahalteke bedewleri bilen baglanyşdyrýar. Ahalteke bedewi biziň buýsanjymyzdyr, şöhratymyzdyr».

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen belent maksatlara sary alyp barýar. Goý, halkymyz barada taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, ömürleri uzak bolsun!

Gandym WELLEKOW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Halaç etrap komitetiniň hünärmeni.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1770989264350 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Daşkentde 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan çäre we Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

kazakhstan visit 2 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň wekiliýeti maşgalany goramak boýunça pudakara hyzmatdaşlyk etmekde Gazagystanyň tejribesini öwrendi

Soňkylar Makalalar

Mukaddes buýsanjymyz, beýik geljegimiz

14.09.2026
2026-njy ýylyň ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de şu ýyl eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly

«Bitarap, Garaşsyz topragyň nurdur»

14.09.2026
Türkmenistan 35 ýyl mundan ozal özüniň Garaşsyzlygyny yglan edip, demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşyny saýlap aldy. Ýurdumyz şol taryhy wakadan soňra özygtyýarly hem-de

Garaşsyzlyk – nesilleriň we ösüşiň ak ýoly

14.09.2026
Hormatly Prezidentimiz: «Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygy bagtyýar we abadan durmuşymyzyň binýadydyr» diýip nygtaýar. Bagtyýar we abadan durmuşymyzyň binýady bolan Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soňra ýurdumyzyň ösüşleri nusgalyk
GitTop