Dark
Light
08.03.2026
mergen oraz THE ASHGABAT TIMES

“Biz haýsydyr bir ýyldyz futbolçy bilen däl-de, tutuş topar bilen duşuşýarys“

11.02.2026

“Arkadag” we “Al-Nassr” futbol toparlarynyň baş tälimçileridir futbolçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen metbugat maslahatynda “Arkadag” toparynyň tälimçisi Mergen Orazow interwýu berdi:

— 11-nji fewralda taryhy duşuşygyň boljakdygyna ählimiz ynanýarys. Duşuşyga toparymyz ýokary derejedäki taýýarlyk bilen geldi. Özümizi duýşumyz gowy. Garşydaş güýçli hem bolsa, tolgunmalarymyzy doly ýeňip bildik. Nesip bolsa, iň gowy netijäni gazanyp, bizi goldamaga gelen janköýerlerimizi begendirmäge çalşarys. Köp sanly janköýerler, hatda halkara habarlar giňişligi bäsdeşimiziň güýjüni düzümindäki ýyldyzlar bilen baglanyşdyrýarlar. Ýöne biz haýsydyr bir ýyldyz futbolçy bilen däl-de, tutuş topar bilen duşuşýarys. Şonuň üçin hem bäsdeş toparyň baş tälimçisi meýdanda haýsy ýyldyza orun berse-de, biz öz oýnumyzy oýnamaga we öňümizde goýan maksadymyza ýetmäge ýykgyn ederis.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

konferens ss THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

“Al-Nassryň” futbol ýyldyzlary näme üçin Aşgabada gelmedi?

galkyn taze THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Belentden ýetirler tarypyň, bedew!

Soňkylar Habar

A.Ataýewa hem-de M.Orazow wezipelerinden boşadyldy

07.03.2026
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Aksoltan Toreýewna Ataýewa, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky (Nýu-Ýork şäheri, Amerikanyň Birleşen Ştatlary) hemişelik wekili, Türkmenistanyň Kuba
GitTop