Dark
Light
12.06.2026
eq4htunlu8sqvzsdmgqedhdyo6x6i2 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES

BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

11.02.2026

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem Aşgabat şäherinde ýakyn wagtda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş diplomatlary we beýleki döwlet gullukçylary üçin ikinji sebitleýin okuw maslahatyna taýýarlyk we ony üstünlikli geçirmek bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

tokzf4lqz4guoojpxplj7jryixawv7 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

BSGG-nyň Aşgabatdaky Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk

francesca lollobrigida THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Milanda Olimpiýa rekordlary täzelenýär: Niderlandlaryň we Italiýanyň uly ýeňişleri

Soňkylar Habar

GitTop