Dark
Light
09.08.2026
e1hltypz1suvnuhcdulaqhxrcy1oyw 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES

Britaniýanyň Döwlet goranmak ministri bilen duşuşyk geçirildi

26.02.2026

25-nji fewral 2026-njy ýyl, London. Beýik Britaniýanyň Korollyk Atly gwardiýasynyň bazasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Beýik Britaniýanyň Döwlet goranmak ministri Lord Rodni Koukker bilen duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow hem gatnaşdy.

Duşuşyk dowamynda sebit howpsuzlygy, özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagy hem-de Merkezi Aziýa döwletleri bilen Birleşen Patyşalyk arasynda dialogyň ösdürilmegi boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar hünärmenleri taýýarlamak, häzirki zaman howplaryna we wehimlerine jogap bermek boýunça mehanizmleri kämilleşdirmek babatda tejribe alyşmagyň ähmiýetini aýratyn nygtadylar.

Çäräniň gatnaşyjylary sebitleýin hem-de halkara derejesinde durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmäge gönükdirilen konstruktiw we ynanyşmaga esaslanýan hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmeginiň möhümdigini bellediler.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

halk maslahat THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Halka daýanyp, halkyň bähbidine

badminton THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Badminton boýunça Aşgabadyň açyk birinjiligi geçirildi

Soňkylar Habar

Türkmen karateçileri Aktauda 21 medal gazandylar

08.08.2026
1 — 5-nji awgust aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde karate-do boýunça Merkezi Aziýanyň çempionaty geçirildi. 420-den gowrak türgeniň gatnaşan iri ýaryşynda Türkmenistanyň milli we
GitTop