Dark
Light
08.03.2026
britney spears 2019 bei einer THE ASHGABAT TIMES

Britni Spirs özüniň ähli aýdym-saz katalogyny 200 million dollara satdy

13.02.2026

Amerikaly pop-ýyldyz Britni Spirs özüniň ähli aýdym-saz eserlerine bolan hukuklaryny satmak barada ylalaşyk baglaşdy. BBC habarlar agentligine salgylanýan «Belta.by» portalynyň habar bermegine görä, 44 ýaşly aýdymçy zenan öz saz katalogyny «Primary Wave» garaşsyz saz neşirýatyna geçirdi. Bu şertnamanyň bahasynyň 200 million dollar töweregi bolandygy aýdylsa-da, Spirsiň resmi wekilleri häzirlikçe bu barada teswir bermekden ýüz dönderdiler.

Aýdymçy dünýä meşhurlygyny gazanan «Baby One More Time», «Oops!… I Did It Again», «Toxic» we «Gimme More» ýaly hitleri bilen tanalýar. 1999-njy ýylda saz sungatyna geleninden bäri Britni Spirs jemi dokuz sany studiýa albomyny çykardy we onuň aýdymlarynyň 150 milliondan gowrak nusgasy dünýä derejesinde satyldy. Şeýle hem, ýyldyz 2023-nji ýylda «Mendäki zenan» ady bilen özüniň ýatlamalar kitabyny neşir etdiripdi.

2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Britni Spirs mundan beýläk saz senagatyna dolanmagy meýilleşdirmeýändigini mälim etdi. Onuň iň soňky täze işleriniň biri 2022-nji ýylda dünýä inen we meşhur aýdymçy Elton Jon bilen bilelikde ýerine ýetiren aýdymydyr. Bu satuw şertnamasy aýdymçynyň saz älemindäki köp ýyllyk işjeňliginiň jemleýji ädimleriniň biri hökmünde bellenilýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

2026 02 12t22 15 06 12e40b0f 9b8b 4652 befa d132b89be1cd THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynda ylmy-tehnologik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça duşuşyk geçirildi

disney head josh damarony THE ASHGABAT TIMES
Next Story

“Disney” kompaniýasyna Joş D’Amaro täze ýolbaşçy bolar

Soňkylar Dünýä habarlary

«Toyota» kompaniýasynyň awtoulag satuwy ýokarlandy

03.03.2026
«Bloomberg» neşiriniň ýazmagyna görä, ýanwar aýynda «Toyota» kompaniýasynyň awtoulag satuwy ýokarlandy. Hasabat döwründe kompaniýanyň esasy brendleri bolan «Toyota» we «Lexusyň» satuwy ABŞ-da 8,1 göterim,
GitTop