Dark
Light
17.06.2026
tokzf4lqz4guoojpxplj7jryixawv7 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES

BSGG-nyň Aşgabatdaky Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk

11.02.2026

2026-njy ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Bütindünýä Saglygy goraýyş Guramasynyň (BSGG) Aşgabatdaky Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Egor Zaýsewiň we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Azat Öwezowyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BSGG bilen ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki ösüş mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Şu ýylyň fewral aýynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ählumumy saglygy goraýyşda diplomatiýa meseleleri boýunça ýokary derejedäki Dialogyna taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanma bildirip, saglygy goraýyş ulgamynda bilelikdäki başlangyçlary we taslamalary amaly taýdan ilerletmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

weshabruj223njzhignyjaqixhfuqj 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Tailandyň Patyşasyna ynanç hatlaryny gowşurdy

eq4htunlu8sqvzsdmgqedhdyo6x6i2 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

Soňkylar Habar

GitTop