Dark
Light
09.10.2026
img 20260217 100809 THE ASHGABAT TIMES

BÜTINDÜNÝÄ RADIO GÜNI

17.02.2026

Radio uzak ýyllaryň dowamynda adamlara wakalaryň tiz we takyk beýan edilmegini üpjün edip geldi. Elektrik togy, internet ýa-da häzirki zaman tehnologiýalary elýeterli bolmadyk ýerlerde hem radio öz ähmiýetini ýitirmän, halkyň iň ýakyn ýoldaşyna öwrüldi. Ol diňe bir habar beriji serişde bolman, eýsem medeniýeti, dili, milli gymmatlyklary wagyz edýän güýçli serişdedir.

Radio adamzadyň durmuşynda möhüm orun eýeleýän, iň irki we iň ygtybarly habar beriş serişdeleriniň biridir. Her ýyl 13-nji fewral güni dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan Bütindünýä radio güni hökmünde bellenilýär. Bu senäniň bellenilmegi radio serişdeleriniň jemgyýetdäki ähmiýetini artdyrmak, olaryň maglumat bermek hem-de jemgyýeti jebisleşdirmekdäki ornuna baha bermek maksadyny göz öňünde tutýar.

Häzirki döwürde sanly tehnologiýalaryň ösmegine garamazdan, radio öz diňleýjisini ýitirenok. Radio gepleşikleri arkaly bilim beriji maksatnamalar, aýdym-saz, edebiýat giňden wagyz edilýär. Bu bolsa radiolaryň jemgyýetiň ruhy ösüşine goşýan uly goşandynyň nyşanydyr. Bütindünýä radio gününiň bellenilmegi radioda zähmet çekýän işgärleriň hormatyny belent derejä galdyrýar. Olar öz sesleri, pikirleri we döredijiligi arkaly jemgyýetiň habarly, agzybir hem-de ruhubelent bolmagyna hyzmat edýär.

Djumaniýaz NOBATGELDIÝEW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

caga kitaply terbiye THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Başlangyç synplarda kitaba söýgi döretmek

img 20260217 104205 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

ADAM ORGANIZIMINIŇ GEŇ GALDYRYJY FAKTLARY

Soňkylar Makalalar

Bagtyýar çagalar – ýagty ertirlerimiziň umydy

06.10.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Milletiň ogullaryna ruhy tagzym!

05.10.2026
Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralanýarlar. Bu gün mynasybetli

Halk hakydasyna hormat

04.10.2026
Ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda durmuşyň abadanlygy, halkyň erkinligi ugrunda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar, şeýle-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary ýatlanylyp,
GitTop