Garaşsyz ýurdumyzda körpe nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şu nukdaýnazardan, mekdebe çenli bilim we terbiýe ulgamynyň düzümlerinde köptaraplaýyn, giň göwrümli we baý mazmunly okuw-terbiýeçilik işleri durmuşa geçirilýär.
Nesilleri halk pedagogikasynyň gymmatly usullarynda daýanyp ýetişdirmek işiniň milli edebiýatlar, şol sanda daşary ýurt çeşmeleri, terjimeleri bilen hem yzygiderli tanyşylýandygyny, okalýandygyny we peýdalanylýandygyny bellemek gerek. Ýeri gelende aýtsak, çagalaryň irki döwründen terbiýelenmegi, olaryň aň we beden taýdan ösüşi babatdaky aladalaryň düýpli häsiýete eýe bolmalydygy bu ugurdaky işlerde baş şert bolmagynda galýar. Şundan ugur alyp, häzirki wagtda mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelemegiň we okatmagyň usulyýetinde dünýä meşhur alymlaryň, pedagoglaryň, işewürleriň, ýazyjylaryň we usulyýetçileriň eserlerine yzygiderli ýüzlenilýär.
Mysal hökmünde bellesek, Masaru Ibukanyň «Üçden soň giç…», şeýle-de «Üçe çenli — aýny wagty!» ýaly kitaplary perzentlerimizi kemala getirmek işinde örän täsirli çeşmeler bolup durýar. Awtoryň 1971-nji ýylda çapdan çykan «Üçden soň giç…» kitabynyň dürli dillerde terjime edilmegi on ýyl töweregi soň «Üçe çenli — aýny wagty» kitabynyň hem okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanmagy we ýaýradylmagy bu eserleriň ýokary ähmiýete eýedigini alamatlandyrýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar nesillerimizi has irki döwürden başlap döwletli zamanamyza mynasyp we netijeli kemala getirmek ugrunda mekdebe çenli bilim-terbiýe ulgamynyň işini kämilleşdirmäge uly üns berýän we bu ugurda ähli mümkinçilikleri döredip, her bir işde belent nusga görkezýän Alym Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ähli körpe nesilleriň, ata-eneleriň we her bir bilim işgäriniň kalbynda we zybanynda egsilmez alkyşlar bar.
Altyn TÄŞLIÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 21-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.