Dark
Light
08.03.2026
8ba1a63d 7a7 THE ASHGABAT TIMES

Daniýaly sazanda 521 dilde söýgi aýdymyny aýtdy

16.02.2026

Daniýaly sazanda Filip Hallun ogly William üçin 521 dilde «Men seni söýýärin» diýen jümläni aýdym arkaly aýdyp, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada Ginnesiň web sahypasynda yglan edildi.

Hallunyň sözlerine görä, saýlanan dilleriň sany tötänleýin däldi: ogly doglan gününi 21-nji maýda belleýär. Aýdymyň özi baýramçylyk sowgadydy. «Aýdymda her dilde «Men seni söýýärin» diýilýändigi üçin, oňa iberýän habarym, ony islendik dilde, nähili bolsa-da, hemişe söýjekdigim» diýip, Hallun düşündirdi.

Daniýaly sazanda aýdymy döretmegiň iň kyn böleginiň ähli dillerde dogry aýdylmak bilen birlikde, ýumşak we sazlaşykly ses gazanmakdygyny belledi. Gitarada çalynýan saz bolsa William dogulmazdan öň ýazyldy.

«Men ony hemişe onuň üçin çalýardym ― ol dogulmazdan öň we soň» diýip, Filip sözüniň üstüne goşdy we aýdymyň «Men seni söýýärin» sözlerini eşitmäge mätäç bolan dünýäniň dürli künjegindäki adamlara bagyşlanandygyny düşündirdi.

Netijede, «Men seni söýýärin» aýdymy 23 minutdan gowrak dowam edýär we sazandanyň «YouTube» kanalynda milliondan gowrak gezek görüldi, şeýle hem aýdymda iň köp dilde görkezilenligi üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Hallunyň özi 20 ýyldan gowrak wagt bäri aýdym ýazýar, dat, iňlis we arap dillerini, şeýle hem käbir ýewreý, fransuz we hytaý dillerini erkin bilýär.

Ýeri gelende bellesek, bu ugurda mundan öňki dünýä rekordy 2024-nji ýylda dünýä dilleriniň 398-sinde aýdym döreden hindistanly Sunit Harana degişlidir.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

ykdysady maksat THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ata Watanymyzyň ykdysady kuwwaty

orazada agyz beklemek THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Agyz beklemegiň saglygymyza peýdasy

Soňkylar Dünýä habarlary

«Toyota» kompaniýasynyň awtoulag satuwy ýokarlandy

03.03.2026
«Bloomberg» neşiriniň ýazmagyna görä, ýanwar aýynda «Toyota» kompaniýasynyň awtoulag satuwy ýokarlandy. Hasabat döwründe kompaniýanyň esasy brendleri bolan «Toyota» we «Lexusyň» satuwy ABŞ-da 8,1 göterim,
GitTop