Dark
Light
16.06.2026
1770989264350 THE ASHGABAT TIMES

Daşkentde 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan çäre we Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

13.02.2026

2026-njy ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan çäre hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Çärä Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Kanunçylyk palatasynyň deputaty, Respublikan türkmen medeni merkeziniň başlygy, türkmen diasporasynyň wekilleri, Özbegistanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary, şeýle hem Ilçihananyň işgärleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Ş.Meredow öz çykyşynda 2026-njy ýylyň şygarynyň 2025-nji ýylyň — «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» ideýalarynyň logiki dowamydygyny aýratyn nygtady. Şeýle hem häzirki şygaryň simwolikasynyň türkmen halkynyň ruhy we medeni gymmatlyklaryna ygrarlylygy hem-de häzirki zaman dünýä ýagdaýlary bilen baglydygy bellenildi. Türkmenistanyň 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip ylan etmek baradaky başlangyjynyň ähmiýeti, ýurduň halkara hukuk kadalaryna ygrarlydygy bellenilip geçildi.

Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň täze kitabynda Bitaraplygyň hukuk we syýasy esaslary, onuň sebit we dünýä durnuklylygyndaky orny, şeýle hem Türkmenistanyň parahatçylyk medeniýetini ösdürmäge goşýan goşandy giňişleýin beýan edilýär.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylara türkmen milli tagamlary hödür-kerem edildi.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

disney head josh damarony THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

“Disney” kompaniýasyna Joş D’Amaro täze ýolbaşçy bolar

emblema 2026 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bir belent ykbal sen illere, bedew!

Soňkylar Habar

Harby uçurymlar wepalylyk kasamyny kabul etdiler

15.06.2026
13-nji iýunda Türkmenistanyň Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary serkerdeler düzümini we işgärleri taýýarlaýan Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň, ýurdumyzyň harby

Aşgabatda dynç günlerinde nirä gidip bolar

12.06.2026
Paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna dynç günlerinde dürli-dürli medeni çäreler garaşýar. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry: 13.06.2026: «Sen söýseň meni» 19:00;
GitTop